13-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen mähirli gutlady hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. Işewüriň belleýşi ýaly, ABŞ-nyň işewür toparlary ykdysady ösüşiň okgunly depginlerini görkezýän Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýärler.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ähli gyzyklanýan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmaga hemişe açykdygyny aýdyp, ýurdumyzda eýýäm birnäçe ýyl bäri üstünlikli işläp gelýän iri amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamalary we dürli pudaklardaky taslamalar däp bolan işewür gatnaşyklary köp ugurly ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagyny çaltlandyrmaga, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge ugur alan ýurdumyz öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna, iň oňat dünýä tejribeleriniň çekilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, onuň baý mümkinçiliklerini amala aşyrmagyň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezen ikitaraplaýyn işewürler geňeşiniň we bilelikdäki işewürler maslahatlarynyň möhüm orny bellenildi. Türkmen-amerikan özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda energetika toplumy, ulag we aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamlary we beýlekiler görkezildi.
Işewür ABŞ-nyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga ýokary gyzyklanmalaryny ýene-de bir gezek tassyklap, halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerinde Türkmenistanyň başlangyçlar bilen çykyş edýän ornuny belledi. Munuň özi halkara giňişliginde ýurdumyzyň abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.
TÜRKMEN-AMERIKAN
IŞEWÜRLER GEŇEŞI
14-nji dekabrda paýtagtymyz Aşgabatda türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary girizildi.
Duşuşyga ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri, şeýle hem ABŞ-nyň “Westport Trading Europe”, “Oхbow Sulphur”, “General Eleсtriс”, “Elizapov Сonsulting Group”, “Сase New Holland”, “Jonh Deere”, “Niсlaus Desing”, “Boeing”, “Сoсa-сola” kompaniýalarynyň we Memfis uniwersitetiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart milli Liderimiz bilen bolan duşuşygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny nygtap, ABŞ-nyň hökümetiniň Türkmenistanda işewürligi alyp barmaga berýän goldawynyň ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegine we ony has ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşini üpjün edýän özara gyzyklanmalaryň bardygyny kanagatlanma bilen belläp, mejlise gatnaşyjylar 2007-nji ýylda milli Liderimiziň teklibi boýunça döredilen Işewürler geňeşiniň ähmiýetini nygtadylar. Döredilen gününden bäri bu düzüm Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň netijeli guraly bolup hyzmat edýär. Geňeş tarapyndan yzygiderli guralýan maslahatlar netijeli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyny we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hem-de döwletara gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn işjeňleşdirilmegini şertlendirýär.
Soňky ýyllarda bu düzümiň goldaw bermeginde ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy. “TürkmenÄlem 52oE” ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasynyň äleme çykarylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ol kosmiki hyzmatlar bazarynda abraýly “Spaсe Eхploration Teсhnologies Сorporation” (SpaсeХ) amerikan kompaniýasy tarapyndan 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde Florida ştatyndaky Kanaweral kosmodromyndan “Falсon 9 v1.1” raketa-göterijisi tarapyndan äleme çykaryldy.
2017-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Aşgabatda gurlup ulanmaga berlen golf meýdançasynyň gurluşygy hem şol işewür duşuşyklaryň aýdyň netijesidir. Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň agzalarynyň, hususan-da, “Boeing”, “General Eleсtriс”, “Сase New Holland”, “Jon Dir”, “Niklaus Dizaýn” kompaniýalarynyň işjeň goldaw bermeginde ABŞ-nyň öňdebaryjy beýleki kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Myhmanlary ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugurlary we wezipeleri bilen tanyşdyryp, çykyş edenler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik we ýurdumyzyň eksport möçberlerini artdyrmagyň mümkinçiliklerine ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde gurluşyk, himiýa, durmuş we beýleki ugurlara degişli we ýerli serişdeleriň esasynda öndürilýän önümleri çykarýan kärhanalaryň işe girizilmegini nazarlaýan onlarça taslamalaryň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.
Türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtap, çykyş edenler ýurdumyzyň iri maýa goýumlarynyň çekilmegine, hormatly Prezidentimiziň görkezmelerine laýyklykda dünýäniň, şol sanda ABŞ-nyň iri kompaniýalarynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny, döwrebap tehnikalaryny we enjamlaryny çekmäge uly gyzyklanma bildirýändigini bellediler. Şol birwagtyň özünde ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň bäsleşige ukyply harytlaryny Amerika eksport etmäge taýýardygy aýdyldy.
Geňeşiň nobatdaky mejlisiniň plenar maslahatlarynda ýangyç-energetika pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmekde gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Maliýe-bank pudagynda, himiýa senagatynda, gurluşykda, energetika ulgamynda, oba hojalygynda, azyk senagatynda ýola goýulýan gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler toplumyna aýratyn üns berildi. Şeýle hem mejlisde ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Öz nobatynda, ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň wekilleri innowasiýalar ulgamynda baý tejribä eýe bolan amerikan kompaniýalarynyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan taslamalara işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.
Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen ABŞ-nyň wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we gatnaşyklaryň geljekki meýilnamalary kesgitlenildi.