Halkara Bitaraplyk gününiň hormatyna täze binalaryň birnäçesini birbada ulanyşa bermek babatdaky asylly däp Türkmenistanyň uly ykdysady kuwwatynyň bardygyna, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijelilidigine ynamly şaýatlyk edýär. Paýtagtymyzyň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda bazarly täze söwda merkezi dabaraly açyldy. “Bereketli” toplumy binagärlik keşbinde milli binagärligiň hem-de häzirki zaman çözgüdiniň iň oňat däplerini sazlaşykly utgaşdyrýar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça “Belent jaý” hususy gurluşyk kärhanasy tarapyndan gurlan täze toplum döwlet goldawynyň berilmegi netijesinde, ýurdumyzyň hususy işewürliginiň üstünlikli ösdürilýändiginiň nobatdaky mysalydyr. Şeýle hem Köşi ýaşaýyş jaý toplumynda täze gurlan, Aşgabat şäheriniň günbatar böleginde çalt depginler bilen ösýän etraplaryň biriniň ýaşaýjylaryna hyzmat etjek üç gatly Saglyk öýüniň açylyş dabarasy boldy.
Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherçesinde täze öýe göçüp gelýänlere açar gowşurmak dabarasy boldy. Şäheriň oňaýly ýaşaýyş jaý gaznasynyň üsti 32 öýli dört gatly ýaşaýyş jaýlar bilen ýetirildi.
Balkanabatda birinji şäher saglyk öýüniň dabaraly açylyşy boldy. Onuň durkuny täzelemek işini Balkan welaýatynyň häkimliginiň tabşyrmagy boýunça “Galkan” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler.
Daşoguz şäherinde maýyplar we ilatyň durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki gatlaklary üçin täze dört gatly bir, iki we üç otagly öýleriň 48-si ulanylmaga berildi.
Şeýle hem Daşoguz şäherinde döwrebap işewürler merkeziniň täze binasynyň dabaraly açylyşy boldy. Ol ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň tabşyrygy boýunça “Tumar” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy. Ýurdumyzyň gündogar sebitinde açylyş dabaralary maýyplar we ilatyň durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki gatlaklary üçin niýetlenen dört gatly jaýyň açylmagyndan başlandy. Bu bina Türkmenabat şäherinde welaýat keselleri anyklaýyş merkeziniň we gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň golaýynda ýerleşýär.Täze jaýda aşhanalar bilen enjamlaşdyrylan ýagty otaglary bolan bir, iki we üç otagly öýleriň 48-si bar.
Mundan başga-da, welaýatyň edara merkeziniň döwrebap binagärlik toplumynyň üsti Bitarap Türkmenistan köçesiniň – merkezi şaýoluň gyrasynda gurlan täze jaýlaryň toplumy bilen dolduryldy. Ol Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat birleşigine degişli işewür merkezi we “Lebap” söwda we dynç alyş merkezdir.
Mary şäherinde gök-miwe önümleriniň birwagtda 3 müň tonnasyny saklamaga niýetlenen täze döwrebap sowadyjy ammar ulanmaga berildi. Welaýatda täze desgalaryň ýene-de biri Ýolöten etrabynyň dolandyryş merkezinde açyldy. Bu ýerde täze gurlan “Bagtyýarlyk şuglasy” atly çagalar meýdançasy uly baýramçylygyň öňüsyrasynda şäheriň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy.
Arslan Şükürow,
TDY we DI-niň mugallymy.