Häzirki döwürde oba hojalyk ulgamy dünýä ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça giň gerimli işlere badalga bermegi bu ugur boýunça okamaga, ylym öwrenmäge höwesli köp sanly ýaşlaryň ýetişmegine hem itergi berdi. Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup, onuň sazlaşykly ösmegine möhüm ähmiýet berilýär. Oba-senagat toplumyna uly möçberde maýa serişdeleri goýulýar. Bu bolsa, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de umuman, döwletimiziň ykdysady taýdan ösmegine, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň oktýabrynda Ahal welaýatynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda eden çykyşynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenişine laýyklykda, ýakyn 7 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ýyllyk ösüş depginini ýokary (6,2 – 8,2 göterim) derejede saklamagyň meýilleşdirilýändigini, şu döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň düzüminde oba hojalygynyň paýynyň 10,9 göterime ýetjekdigini belläp geçdi.
Hormatly Prezidentimiz ýer bölekleriniň şäher we oba ilatynyň hususy eýeçiligine berilmeginiň olaryň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berjekdigini aýdýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 24-nji noýabrda geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň raýatlaryna oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygyny, şeýle hem şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaýlaryny gurmak maksady bilen, ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek üçin ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň 25-nji noýabrda geçirilen bäşinji çagyrylyşynyň ýigrimi bäşinji maslahatynda birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuknamalar kabul edildi. Olaryň arasynda “Döwlet ýer kadastry hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hem bar. Döwlet ýer kadastry babatda işleriň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän şu Kanun möhüm ähmiýete eýedir. Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde Döwlet ýer kadastrynyň ýeke-täk ulgamyny ýöretmek, ähli ýerleri gurşap almak, gyzyklanýan şahslar üçin Döwlet ýer kadastrynyň ýer bölekleri baradaky maglumatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek bu düzümiň üstüne ýüklenildi. Ýer bölekleriniň üýtgäp durýan häsiýetleriniň Döwlet ýer kadastryna girizilmeginiň üznüksizligi, Türkmenistanyň ýer gaznasynyň obýektleri hakyndaky maglumatlaryň Döwlet ýer kadastryna girizilmeginiň hökmanylygy, bu maglumatlaryň döwlet we pudak tebigy serişdeleri hakynda kadastrlaryň, reýestrleriň we maglumat çeşmeleriniň maglumatlary, şeýle hem ýer bilen bagly bolan beýleki gozgalmaýan emläk hakynda maglumatlar bilen deňeşdirilmegi we biri-biri bilen gabat gelmegi Döwlet ýer kadastrynyň esasy ýörelgeleri diýlip kesgitlenildi.
Döwlet ýer kadastry diýlip, ýerleriň tebigy, hojalyk we hukuk düzgüni, toparlary, mukdar we hil häsiýetnamasy hem-de ykdysady gymmaty, olaryň ýerleşýän ýeri we möçberleri, şeýle hem ýerden peýdalanyjylary we ýer kärendeçileri boýunça bölünişi baradaky zerur maglumatlary jemleýän bir bitewi döwlet geomaglumat ulgamyna aýdylýar. Ýer kadastrynda ulgama salnan maglumatlar uly halk hojalyk ähmiýetine eýedir. Olar ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça meseleler çözülende giňden ulanylýar. Olaryň kömegi bilen, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýerleriň meliorasiýasy, ýerli tebigy – howa we ykdysady şertleri nazara almak bilen, olary netijeli peýdalanmak boýunça çäreler işlenip taýýarlanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 1-nji dekabrda geçirilen mejlisinde dolandyryş-çäk gurluşynyň kämilleşdirilmegine degişli meseleleriň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan Mejlisiň Başlygynyň we degişli ýolbaşçylaryň habarlary diňlenildi. “Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda” resminama laýyklykda, döwlet Baştutanymyzyň bu babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenýertaslama” döwlet taslama instituty tarapyndan Ýer kadastryna täze maglumatlary girizmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigi, oba we suw hojalyk ministrliginiň, welaýat, etrap häkimlikleriniň hünärmenleriniň suwaryş ulgamlaryny we zeý suw akabalaryny netijeli ulanmak meselelerini çözýändikleri barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşynyň kämilleşdirilmegi welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. “Döwlet ýer kadastry hakynda” Türkmenistanyň Kanuny welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça wezipeleri çözmekde, oba hojalyk önümlerini artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Biz ata Watanymyzyň kuwwatly ösüşini üpjün etmekde, ilatymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmakda uly tutumlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Zülfiýa Tüýebaýewa,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.