Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary taglymat hökmünde öňe süren hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz bagtly çagalygyň mekanyna öwrüldi. Çagalar ýurdumyzyň bagtly geljegidir. Haçan-da, ýurtda körpe nesiller bagtyýar bolsa, jemgyýetiň sagdyn ösüş bilen ilerleýändigini aňladýar.
Mälim bolşy ýaly, şahsyýetiň kemala gelmegi, onuň maşgalada alýan edep-terbiýesi, okuwda özleşdirýän bilimi, daşky gurşaw hakyndaky aň-düşünjesi bilen baglanyşyklydyr. Her bir perzendiň kemala gelmeginde daşky gurşawyň täsiri aýratyn uludyr. Çaga maşgalada ene-atanyň tagallasy bilen öwrenen endiklerini özleşdirýär. Ene-atanyň ýagşy görüm-göreldesini aňyna siňdiren perzent sagadatly bolup ýetişýär. Ol maşgalada her bir ädimde özünden ulularyň terbiýesine eýermäge çalyşýar. Mekdepde geçilýän sapaklara gyzyklanmalary artyp, öz ukyp-başarnygyny kämilleşdirýär.
Aýdym-saz, surat çekmek, zähmet endiklerine bolan garaýyş, milli gymmatlyklar her bir çaganyň ýaşlykda höwesini artdyrýar. Bu babatda her bir ene-ata perzendiniň dünýägaraýyşynyň giňelmegine tagalla edip, ýaşlykdan perzendiniň durmuşynyň netijeli mazmuna eýe bolmagy üçin aladalanýar.
Her bir ugurdan görelde, nusga almak – çaga durmuşyna mahsus häsiýetdir. Çaga gören, eşiden, bilen zatlaryny aňynda aýlap, ony tiz öwrenmäge ýykgyn edýär. Bu çagalaryň tebigatyna mahsus alamatdyr. Meşhur pedagog A. S. Makarenko ene-atalara: “Siz çagalaryňyza sapaklaryna oňat ýetişmek bilen bir hatarda, çeper eserleri köp okamagy, aýdym-saz diňlemegi, dürli saz gurallaryna erk etmegi, sport bilen meşgullanmagy öwrediň” diýip, sargyt edipdir.
Bilşimiz ýaly, her bir güni ýokary üstünlige beslenýän häzirki döwrümizde dillerimiziň senasy eziz Arkadagymyz durmuşyň ähli ugurlarynda bize nusga bolýar. Mähriban Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bolsa, biziň her birimizde özümizde durmuş endiklerini berkitmäge bolan höwesi artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn işleri netijesinde häzirki wagtda atçylyk sportunyň, at çapyşyklaryň ýurdumyzda ägirt uly meşhurlyga eýe bolýandygy hemmämize bellidir. Söhbetimiz görelde, nusga alarlyk ýagdaýlar hakynda bolansoň, gürrüňi käbir buýsançly wakalara syrykdyralyň.
Eziz Arkadagymyzyň 2016-njy ýylyň 27-nji iýulynda agtyklary bilen Ahalteke atçylyk toplumyna gelmegi aýratyn täsirli wakalaryň biri boldy. Ol ýerde eziz Arkadagymyz kiçi agtygy Ysmaýylyň çapyksuwarlyk sungaty bilen meşgullanmaga höwes bildirýändigini nazarda tutup, bedewiň jylawyndan tutup, ata atlanmagy öwretmegi, agtygy Kerimgulynyň Ysmaýyla eýerde ykjam oturmalydygyny, jylawy tutmagyň usullaryny öwretmegi ýaş nesillerde bu ugra bolan höwesi döredip, çuňňur garaýşy ösdürýär.
Döwlet Baştutanymyz milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatyny ösdürmäge hem aýratyn üns berýär. “Kalbymda sen” diýen aýdymynyň üstünde işlemegi mähriban Arkadagymyzyň aýdym-saz nusgalarynyň kämil derejä eýe bolmagy üçin yhlasyny gaýgyrmaýandygyny görkezdi. 2016-njy ýylyň 29-njy iýulynda zähmet rugsadynda bolýan döwründe sungat bilen meşgullanmaga bagyşlan pursatlarynda döwlet Baştutanymyzyň agtyklary Kerimguly we Ysmaýyl bu aýdymyň ilkinji diňleýjileri boldular we saz gurallarynda aýdymyň sazyny ýerine ýetirdiler. Olar özleriniň atasynyň ýakymly sesi bilen aýdymy ussatlyk hem-de joşgun bilen ýerine ýetirişine çuň kalpdan buýsandylar. Munuň özi ata göreldesiniň kämil nesil terbiýesi üçin hemişe nusga bolýandygyny alamatlandyrdy.
2015-nji ýylda eziz Arkadagymyzyň ylahy ylhamynyň gudraty bilen “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly goşgy dünýä indi. Köňül mährine ýugrulan bu goşgy gysga wagtyň içinde halkymyzyň ýürek owazyna öwrüldi.
Kämil goşgy – kämil aýdyma gönezlik. Häzirki döwürde bu belent goşgy belent aýdym bolup, dillerden-dillere, köňüllerden köňüllere ýol salýar. Bu belent owazlar ösüp gelýän ýaş nesillerde hyjuw, joşgun, aýdym-saza bolan höwes döredýär.
Milli Liderimiziň şu ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanda ilkinji golf meýdançasynyň açylyşyna gatnaşyp, bu oýnuň oýnalyşyny ussatlyk bilen görkezmegi, 8-nji noýabrda Balkan welaýatyna iş sapary mahalynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň köpugurly sport toplumyna baryp, çylşyrymly maşklary ýerine ýetirmegi, 15-nji noýabrda Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşmagy, 22-nji noýabrda paýtagtymyzyň Awtomobil sporty merkezine gelip, häzirkizaman ýaryş awtomobilini çylşyrymly synaglardan geçirmegi, mähriban Arkadagymyzyň dikuçara, harby gämä, islendik kysymdaky sport awtomobillerine arkaýyn erk edip bilýändigi, ýakyn we uzak aralykdaky nyşanlary göni urup bilýändigi ähli nesillerimiziň ählisi üçin belent göreldedir.
Mähriban Arkadagymyzyň amal edýän her bir işi – nesilleriň durmuş ýörelgesine öwrülýär. Goý, belent başarjaňlygy bilen biziň ýagty geljegimiz bolan ýaş nesillere her bir işde görelde görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Derýaguly MEREDOW,
Kaka şäherindäki 7-nji çagalar
bagynyň aýdym-saz mugallymy.