Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşyň ähli ugurlarynda hormatly Prezidentimiziň raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen ähli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçýändigini aýdyň görýäris. Munuň aýdyň mysallarynyň biri-de şu ýylyň on bir aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleridir. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde şu ýylyň geçen döwrüniň jemlerine garaldy, durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmagyň barşynda gazanylan netijeler ara alnyp maslahatlaşyldy, öňde duran esasy wezipeler kesgitlenildi. Milli Liderimiz ýylyň başyndan bäri milli ykdysadyýetimizde gazanylan ösüş depgininiň ýokarlanandygyny belledi. Geçen döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,5 göterime ýetirilmegi, halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça önümçiligiň möçberiniň ösüşiniň bellenen çäkde üpjün edilmegi, önümçilik we durmuş maksatly täze desgalaryň ençemesiniň ulanylmaga berilmegi üstünlikleriň aýdyň görkezijisidir.
Milli Liderimiz täze ýylda ýurdumyzy häzirki ýaly ýokary depginler bilen ösdürmek wezipesiniň öňde durýandygyny, döwletimiziň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmelidigini nygtap belledi. Ýakynda “Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde 2018-nji ýyl üçin kabul edilen Döwlet býujetiniň hem-de Durnuklaşdyryş gaznasynyň ähmiýeti uludyr.
Ýurdumyzy ösdürmek babatda kabul edilen milli Maksatnamalardan hem-de döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijilerinden ugur alnyp, şeýle hem dünýä bazarlarynda bolup geçýän ýagdaýlar düýpli öwrenilip, işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde Watanymyzy 2018-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýollary bellenilendir. Geljek ýylda durmuş-ykdysady ösüşiň esasy strategik maksatlaryna laýyklykda, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, bäsdeşlik amatlyklaryny işjeňleşdirmek, Türkmenistanyň mundan beýläk-de depginli ösüşini saklamak, maýa goýum işjeňligini yzygiderli üpjün etmek, täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin oňyn şertleri üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Býujetiň girdeji bölegi, esasan önümçilik ulgamynyň nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk we beýlekiler ýaly möhüm pudaklaryň hasabyna emele getiriler.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, hususy telekeçilere berilýän ählitaraplaýyn goldawyň netijesinde, soňky ýyllarda hususyýetçiligiň ösdürilmegi hem-de milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda olaryň netijeli işleri alyp barmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda döwlet goldawyny bermek arkaly hususyýetçiligi ösdürmek we jemi içerki önümiň möçberinde döwlete dahylsyz bölegiň paýyny (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) 2018-nji ýylda has ýokary derejelere ýetirmek maksat edinilýär.
Türkmenistan daşary bazarlara uglewodorod serişdelerini iri eksport ediji ýurtlaryň biri hökmünde ykrar edilendir. 2018-nji ýylda ýurdumyzyň ýangyç-energetika, senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklarynyň ösüşine aýratyn üns berilmegi meýilleşdirilýär. Şunda geljek ýylda ýurdumyzyň çäklerinde tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşyny artdyrmak, elektrik energiýasynyň öndürilişini ýokarlandyrmak we olaryň belli bir möçberlerini geçen ýyllarda bolşy ýaly daşary ýurtlara eksport etmek göz öňünde tutulýar. 2018-nji ýylyň Döwlet býujetinde göz öňünde tutulan harajatlarynyň köp böleginiň, däp bolup gelşi ýaly, döwletimiz tarapyndan kepillendirilýän ýaşaýyş-durmuş ulgamyna gönükdirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy guwandyryjydyr. Bu serişdeler raýatlarymyzyň durmuş şertleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdiriler. Döwlet býujetinde durmuş maksatly ulgama gönükdirilýän serişdeleriň tutýan paýynyň ýokary möçberde saklanmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr.
Hormatly Prezidentimiz “Bilimli nesil – kuwwatly Watan”, “Il saglygy – ýurt baýlygy”, “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýen ynsanperwer syýasaty öňe sürdi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesilleriniň ylymly, bilimli bolup ýetişmekleri, raýatlaryň saglygynyň goralmagy, milli medeniýetimiziň ösdürilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, geljekde hem bu işleri dowam etdirmek meýilleşdirilýär. Şol maksat bilen, 2018-nji ýylda Döwlet býujetiniň çykdajylaryndan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, döwlet durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynyň maliýeleşdirilmegi üçin zerur bolan maliýe serişdelerini gönükdirmek göz öňünde tutulýar.
2018-nji ýylda maýa goýumlaryň uly möçberi ýurduň ykdysadyýetiniň önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklaryna we önümçilik däl maksatly desgalaryň gurluşyklaryna gönükdiriler. Şeýle hem, mundan beýläk-de ýurdumyzyň ilatly ýerlerinde raýatlarymyzyň Oba milli maksatnamasyny we beýlekileri durmuşa geçirmek üçin 2018-nji ýylda ýurdumyzda ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport desgalaryny gurmak, ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, ýaşaýyş infrastrukturasyny has-da giňeltmek we ösdürmek üçin düýpli maýa goýumlaryň gönükdirilmegi meýilleşdirilýär.
Nesip bolsa, geljek ýyl hem “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasaty alyp barýan milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň täze belentlikleri üpjün ediler.
Ogulnabat SARYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.