Müsüriň Luksor şäherinde gadymy hazynalar bilen birlikde depin edilen mumyýaly iki aramgähiň üstünden bardylar. Müsüriň Gadymy ýadygärlikleri goramak boýunça ministrliginde bu tapyndylaryň Gadymy Müsüriň XVIII dinastiýasynyň hökümdarlaryna (miladydan öň, 1550-1292-nji ýyllar) degişlidigi mälim edildi. Her biri 7 metrden 10 metre çenli çuňlukdaky iki aramgähden köp sanly artefaktlary ýüze çykardylar. Aramgähiň diwarlaryna çekilen suratlar göýä, şu gün çekilen ýaly oňat saklanyp galypdyr.
– Olar hakykatdan hem, kaşaň we XVIII dinastiýa juda mahsus. Diwaryň ýüzüne çekilen suratlar bolsa, soňky 100 ýylda Dra Abu el-Nagadan tapylan iň oňat şekiller bolup biler – diýip, barlag geçiriji Zahi Hawass aýdýar. Gazuw-agtaryş işleriniň ýolbaşçysy Mustafa Waziriň sözlerine görä, bu tapyndylar ýylyň uly açyşlarynyň biri bolup biler.
Taýýarlan Amangül AMANÝAZOWA,
TDY we DI-niň talyby.