Germaniýada täze öndürilen “Airbus A380” uçaryny synagdan geçirýän uçarman asman giňişliginde arçanyň şekilini emele getirdi. Ol ýurduň demirgazygyndaky Gamburg şäherinden howa göterilip, ýurduň günortasyndaky Ştuttgart şäherine çenli baryp, yzyna aýlanyp geldi. Ol özüniň uçan ugruny kartada näçeräk belentlikden uçandygyna görä, başga reňkler bilen reňkläp, bellik etdi. Uçarman arçanyň tegelek görnüşli jäjeklerini hem “ýasamagy” ýatdan çykarmandyr. Uçar ýurduň Wolfsburg, Braunşweýg, Mangeým, Frankfurt, Kýoln, Dortmund, Bremen şäherleriniň golaýyndan geçdi. Synag uçuşynda uçara hiç hili ýolagçy münmedi. Synag uçuşy üstünlikli amala aşyranyndan soňra, uçar “Emirates airlines” kompaniýasyna gowşurylmak üçin Dubaýa äkidiler.