Lukmanlar miwedir gök önümleri tebigy ýetişýän we durnukly saklanyp bilýän möwsüminde iýmegiň saglyga has peýdalydygyny belleýärler. Gyşda ýetişýän we gyşda saklamagy aňsat bolan gök önümleri bu pasylda iýmek has peýdalydyr. Şeýle bakja ekinleriniň biri hem käşirdir. Şu ýylda hasyly alnan käşiri indiki ýylyň ýaz aýlaryna çenli isrip etmän, saklap bolýar. Eýsem, bu datly gök önümiň nähili görnüşleri barka? Naharlary, işdäaçarlary taýýarlamakda, şeýle hem suwy sykylyp içilýän hem-de mürepbesi gaýnadylýan käşiriň görnüşi reňkine görä üýtgeýär. Jemi 6 görnüşli käşir bolup, olar narynç, gyzyl, sary, ak, benewşe we gara. Olaryň ösdürilip ýetişdirilýän ýerleri hem reňklerine we görnüşine görä üýtgeýär. Narynç we sary käşiriň iň köpi Ýakyn gündogar we Ýewropa ýurtlarynda, gyzyl käşir Hytaýda we Hindistanda, ak käşir Owganystanda, Eýranda we Pakistanda, benewşe we gara käşir bolsa, Ýakyn we Uzak Gündogar ýurtlarynda ekilýär.