Iki ýyl ozal “Po­les­tar” bren­di­ni sa­tyn alan Şwe­si­ýa­nyň “Volvo” kom­pa­ni­ýa­sy ýo­ka­ry kuw­wat­lyk­ly elekt­rou­la­gy ön­dür­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Kom­pa­ni­ýa özü­niň il­kin­ji elekt­rou­la­gy “Po­les­tar 1”-i köp­çü­li­ge gör­kez­di. “Volvo” 2019-njy ýyl­da iki tä­ze elekt­rou­la­gy sa­tu­wa çy­kar­ma­gy mak­sat edin­ýär. 2015-nji ýyl­da “Volvo” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň sa­tyn alan “Po­les­tar” şe­re­ke­ti 80 müň ulag ön­dür­me­gi mak­sat edin­ýär. Hy­ta­ýyň Şan­haý şä­he­rin­de ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ri­len “Po­les­tar 1” gib­rid gör­nüş­li bo­lar. Kuw­wa­ty 600 at güý­jü­ne ba­ra­bar bo­lan elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän he­re­ket­len­di­ri­ji­si bi­len 150 ki­lo­met­re çen­li ýol ge­çip bil­ýär. Bu gör­ke­zi­ji hä­zir­ki wagt­da bar bo­lan äh­li gib­rid ulag­lar­dan has ýo­ka­ry­dyr. Ula­gyň öň ta­ra­pyn­da 2 litr göw­rüm­li dört si­lindr­li ben­zin bi­len iş­le­ýän tur­bo he­re­ket­len­di­ri­ji hem-de kuw­wa­ty 44 at güý­jü­ne ba­ra­bar elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän mo­tor bar. Yz ta­ra­pyn­dan bol­sa, kuw­wa­ty 102 at güý­jü­ne ba­ra­bar iki sa­ny elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän mo­tor bar.
Ula­gyň du­ru­zy­jy ul­ga­my­ny “McLa­ren” ýa­ryş ulag­la­ry­ny äti­ýaç­lyk şaý-sep­le­ri bi­len üp­jün ed­ýän “Ake­bo­no” ýa­pon fir­ma­sy ön­dü­rer. Gib­rid ula­gyň 2019-njy ýyl­dan soň­ky mo­del­le­ri tu­tuş­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­lär. “Volvo” bren­di­ne hä­zir­ki wagt­da Hy­ta­ýyň “Gee­ly” kom­pa­ni­ýa­sy eýe­çi­lik ed­ýär. Tä­ze mo­del üçin il­kin­ji no­bat­da 6,2 mil­liard dol­lar sarp edi­ler. Bu ma­ýa go­ýu­myň bir bö­le­gi Hy­ta­ýyň Çen­du şä­he­rin­dä­ki za­wo­dyň gur­lu­şy­gy üçin sarp edi­ler.