2016-njy ýylyň ahyrynda umumy baýlygy 4,4 trillion dollara golaý bolan dünýäniň iň gurply 500 adamynyň baýlygy soňky bir ýylda 1 trillion dollar artypdyr. “Bloombergiň” neşiriniň habaryna görä, şu ýylyň dowamynda olaryň baýlyklary 23 göterim artyp, 5,3 trillion dollara ýetipdir. Baýlygyny iň köp artdyran elektron söwda bilen meşgullanýan “Amazon” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we dolandyryjysy Jeff Bezos bolupdyr. Ol öz emlägini 34,2 milliard dollar artdyryp, 99,6 milliard dollara ýetirdi. Şeýlelikde, Bezos 2013-nji ýyldan bäri dünýäniň iň baý kişisi hasaplanýan we 91,3 milliard dollara eýeçilik edýän Bill Geýtsden ozduryp, birinji basgançaga çykdy. Sanawa girenleriň arasynda 49 ýurtdan adamlar bar. Sanawdaky 38 hytaýly öz baýlyklaryny 65 göterim artdyrypdyrlar. 159 amerikalynyň baýlygy 18 göterim köpelipdir.
25,9 milliard dollary bolan hytaýly işewür Huika Ýanyň baýlygy geçen ýyl 350 göterim ýokarlanypdyr.
Aragatnaşyk pudagy ösüşde
Sanawda tehnologiýa we aragatnaşyk pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryň has gurplanandygy habar berilýär. Sanawdaky 57 milliarder bu pudaklarda iş alyp barýan kompaniýalara ýolbaşçylyk edýär. Olaryň baýlygy umumylykda 35 göterim (262 milliard dollar) ýokarlanypdyr.
“Facebook” sosial setiniň esaslandyryjysy Mark Zukerberg öz baýlygyny 45 göterim, ýagny 22,6 milliard artdyrypdyr.
Sanawdaky 440 milliarderiň şu ýyl 1,05 trillion dollar gazanandygy aýdylýar. 58 milliarderiň bolsa, baýlygy azalypdyr. Patrik Drahi öz emlägini iň köp ýitiren milliarder boldy. Ol baýlygynyň 39 göterimini (4,1 milliard dollar) ýitiripdir. Baýlygy azalandygy ýa-da beýlekileriň baýlygynyň has köpelendigi sebäpli geçen ýylky milliarderleriň 60-sy sanawa girip bilmedi.