Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň her bir sepgidi täze üstünliklere beslenýär. Halkymyz Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan 2017-nji ýyly üstünlikli tamamlap, “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan 2018-nji ýyla ak arzuwlar, beýik maksatlar bilen gadam urýar. Nesip bolsa, bu ýyl hem hakymyz üçin, eziz Diýarymyz üçin täze üstünlikleriň ýyly bolar. Munuň üçin bizde ähli mümkinçilikler bar.
Umuman alnanda, şu ýyl döwlet býujetiniň umumy çykdajylarynyň 75-80 göterimi ilatyň durmuş üpjünçiligine gönükdiriler. Bu ugurda, esasan, ilatyň girdejileriniň artmagyny üpjün etmek we ýaşaýyş jaý-durmuş şertlerini gowulandyrmak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin döwlet býujetinde 15,1 müň täze iş ýerlerini döretmek meýilleşdirilýär. Bu ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, ilatyň zähmet çekmek isleýän böleginiň maddy we ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga uly mümkinçilikleri berer.
Bu ýyl hem ýangyç-energetika toplumynyň ösüşi milli ykdysadyýeti ösdürmegiň ileri tutulýan ugry bolup galar. Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisini gurmak boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi uly ähmiýete eýedir. 2018-nji ýylda gaz geçirijiniň türkmen böleginiň gurluşygy dowam etdiriler. Bu ýyl nesip bolsa, Ahal welaýatynda – Owadandepede gurulýan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygyny, şeýle hem Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen çykarýan gaz-himiýa toplumynyň gurluşygyny tamamlamak meýilleşdirilýär.
Biz hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän maksatnamalaýyn işleriniň miweleriniň halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, milli ykdysadyýeti ýokarlandyrmaga goşýan goşandyna anyk sanlar arkaly şaýat bolýarys. Bu ýyl nesip bolsa, himiýa önümlerini eksport etmekden alynýan girdejileri 2 esse artdyrmak göz öňünde tutulýar. Himiýa önümleriniň ýerlenýän möçberiniň 2017-nji ýyldakydan 70,4 göterim ýokary bolmagyna garaşylmagy anyk işleriň miwesidir.
Önümçiligiň şeýle ýokary depginlerini Lebap welaýatynda kuwwatlylygy bir ýylda 1,4 million tonna deň bolan Garlyk dag-magdan toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny tapgyrlaýyn artdyrmagyň hasabyna, şeýle hem Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde bir ýylda 1155,0 müň tonna karbamid öndürýän, ýurtda üçünji gaz-himiýa toplumyny işe girizmegiň hasabyna gazanmak göz öňünde tutulýar.
“Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan ýylda ýol gurluşygyna-da uly üns gönükdiriler. Ýol gurluşygy döwlet toplumynyň möhüm düzüm bölegi bolmak bilen, jemgyýetiň ykdysady we ýaşaýyş-durmuş derejesine ep-esli täsir edýär. Şeýle hem, Türkmenbaşy–Farap we Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny halkara ülňüleriniň ölçegleri boýunça täzelemek dowam etdiriler. Umumy uzynlygy 330 kilometr bolan Mary–Serhetabat awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek boýunça gurluşyk işleri amala aşyrylar.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna” laýyklykda, 2018-nji ýylda 7 sany hassahanany, 8 sany saglyk merkezlerini we öýlerini, 15 sany mekdebe çenli çagalar edaralaryny, 30 sany umumy bilim berýän orta mekdepleri gurmak we durkuny täzelemek, şeýle hem umumy meýdany 6237,8 inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak göz öňünde tutulýar.
2018-nji ýylda agrosenagat toplumynyň we oňa girýän pudaklaryň ählisiniň depginli ösüşine garaşylýar. Oba hojalygynyň jemi önüminiň möçberini artdyrmak göz öňünde tutulýar. Bugdaý öndürmek ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orun eýelär. 2018-nji ýylda hojalyklaryň ähli toparlarynda 1 million 600 müň tonna bugdaý öndürmek maksat edinilýär. Möhüm oba hojalyk önümi bolan pagta 1 million 50 müň tonna möçberde öndüriler diýlip çaklanylýar.
2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2018-nji ýylda gök önümler, ýeralma, bakja önümleri, miweler we ir-iýmişler, üzüm, gant şugundyry geçen ýyllardakydan köp öndüriler diýlip garaşylýar. Hojalyklaryň ähli toparlarynda gara mallaryň, dowarlaryň baş sany, guşlar, düýeler we gylýallar köpeler. Mallaryň we guşlaryň baş sanynyň çaklanylýan möçberde köpelmegi hojalyklaryň ähli toparlarynda maldarçylyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Şunda öndürilýän maldarçylyk önümleriniň köp möçberi hususy bölegiň paýyna düşýär.
Netijeli döwlet syýasaty we telekeçilik pudagyna goldaw bermek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi 2018-nji ýylda onuň jemi içerki önümdäki paýyny (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) 69,0 göterime ýetirmäge mümkinçilik berer diýlip garaşylýar.
Nesip bolsa, bu ýylda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň birinji mejlisi geçiriler. Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky çagyrylyşy üçin halk wekilleriniň saýlawlary geçiriler. Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli syýasaty netijesinde, bu ýyl hem halkymyz üçin uly üstünliklere beslener.
Goý, 2018-nji ýyl mähriban Watanymyz, eziz halkymyz üçin bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň, täze üstünlikleriň, belent ýeňişleriň ýyly bolsun!
Eziz BABANAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.