Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gadymy döwürlerden nesillerden-nesillere geçip, kämilleşip gelen medeni mirasymyz içgin öwrenilýär we gymmatlyk hökmünde wagyz edilýär.
Geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda “Küştdepdi” milli sungatymyzyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilendigi baradaky hoş habar ähli halkymyzda uly buýsanç döretdi. Bu çözgüt 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiň 12-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi. Bu çözgüt türkmen halkynyň milli medeniýetiniň dünýä ýüzündäki ähmiýetiniň özboluşly ykrarnamasy boldy. “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýen şygara beslenen 2017-nji ýylda nepislik bilen birlikde çalt we çeýe hereketleri özünde jemleýän küştdepdiniň dünýä jemgyýetçiligine şeýle ýokary derejede hödürlenilmegi guwandyryjydyr. ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň kabul eden kararynda küştdepdiniň ady agzalan sanawa girizilmeginiň nesilleriň arasyndaky gatnaşyklary, ýurtda we daşary döwletlerde durmuş jebisligini üpjün etmek üçin gural hökmünde ýerine ýetirijilik sungatynyň mazmunyna has düýpli düşünmäge giň ýol açýandygy bellenilýär.
Medeni mirasyň nesilleri terbiýelemekde uly ähmiýeti bardyr. Küştdepdi sungaty diňe bir tans, gazal aýdyşygy ýa-da köpleriň hereketini sazlaşykly utgaşdyrýan gurşaw däl-de, halkyň ruhy hazynasyny, ýürek hyjuwyny, kalbynyň sazlaşygyny, ruhubelentligini, milli däp-dessurlaryny, häsiýetini dabaralandyrýan köp öwüşginli sungatdyr. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda küştdepdi hakynda şeýle setirler bar: “Milli tans döredijiligini küştdepdisiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Küştdepdi tansy türkmen sungatynyň özboluşly çeper keşbi – idealydyr. Sebäbi bu kämil sungat eserinde milli ýörelgelerimiziň gadymy parçalary saklanyp galypdyr, şol birwagtda bu tansda döwrebap ruhy öwüşginler öz mynasyp ornuny tapýar. Halkyň ruhy dili, pelsepesi, ýaşaýşa synmaz söýgüsi beýan edilýär”.
Türkmen halkynyň durmuşy toý-dabaralar, toýlar bolsa, küştdepdi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şol gündelik durmuşymyzda ýüze çykýan medeni mirasyň baýlyklarynyň üsti bilen nesiller terbiýelenýär. Küştdepdide birleşdiriji güýç bar, onda birnäçe adamlaryň sazlaşykly aýdymlary we tans hereketleri utgaşyp, bir sungat eserini emele getirýär, bu tansy etmek üçin ýörite taýýarlyk hem zerur däl, şonuň üçin ol ýeňillik bilen, köpçülik bolup, ýerine ýetirilýär. Bu bolsa, her bir tansa gatnaşyja hyjuwy, beýlekiler bilen sazlaşykly ýaşamagyň gözelligini, ruhubelentligi bagyşlaýar. Türkmen medeni mirasy türkmen durmuşynyň, pähim-parasata ýugrulan bagtyýar ýaşaýşynyň şahyrana, çeper beýanydyr. Ajaýyp döwrümizde ony hemmetaraplaýyn öwrenmek uly ähmiýete eýedir.
Küştdepdiniň özboluşly ýerine ýetiriliş usullary bar. Küştdepdi ýerine ýetirilende, ýaşlar bilen orta ýaşly adamlar hem goşulyşyp, döwre guraýarlar. Tansyň ýanynda gazalçylar aýdyşyk görnüşinde gazal aýdýarlar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe toý-baýramlarymyzyň bezegi-ýaraşygy bolan küştdepdi tansy ylmy taýdan öwrenilip, onuň birnäçe görnüşleri dikeldildi. Ynsan kalbyna çuňňur täsir edýän, toý-dabaralaryň şowhunyny artdyrýan şahyrana tans döwrebap röwüşler bilen bezelýär.
Bagtyýar döwrümiziň küştdepdilerinde Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gülläp ösýän Watanymyzyň, il-ýurt ähmiýetli beýik işleriň waspy edilýär. Dost-doganlygy, agzybirligi berkitmekde “Küştdepdi” sungaty bahasyz gymmatlykdyr.
Gahryman Arkadagymyz 2014-nji ýylda Lebap welaýatynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyndaky taryhy çykyşynda: “Häzir ýurdumyzda hasaba alnan taryhy-medeni ýadygärlikleriň sany 1500-e golaýlaýar. Bu ýadygärlikleriň onlarçasy ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürlenmäge doly mynasypdyr. Özboluşly dessanlarymyz, ajaýyp haly göllerimiz, küştdepdi ýaly joşgunly tanslarymyz maddy däl medeni miras hökmünde bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilse, maksadalaýyk bolar” diýip, öňdengörüjilik bilen belläp geçipdi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň taryhy-durmuş tejribesi esasynda döredilen milli-ruhy mirasymyzyň bütin adamzat gymmatlyklarynyň ajaýyp nusgalarynyň sanawyny artdyrmagy buýsançly hakykatdyr.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň medeni mirasymyzyň, milli gymmatlyklarymyzyň dünýä medeniýetinde tutýan ornuny ebedileşdirmekde, olaryň bütindünýä ähmiýetini dünýä giňişligine ýaýmakda, wagyz etmekde alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Bagtygözel HUDAÝNAZAROWA,
Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.