Berkarar Türkmenistan döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan ösen we güýçli döwlete öwrülmegi, ykdysadyýetde we jemgyýetde hil taýdan has ýokary öňegidişlikleriň gazanylmagy hormatly Prezidentimiziň netijeli döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilýändigi bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda bazar ykdysadyýeti şertlerinde hojalygyň ähli pudaklarynda uly-uly özgertmeleriň amala aşyrylmagy durmuş-ykdysady ösüşiň düýpli çaltlandyrylmagyna kuwwatly itergi berdi. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, işewürlige we telekeçiligi ösdürmäge giň ýol açyldy.
Görşümiz ýaly, bazar ykdysadyýetinde önümçilik kärhanalarynyň we firmalaryň üstünligi sarp edijileriň isleg bildirýän önümlerini öndürmek arkaly olaryň islegleriniň kanagatlandyrylyşyna, şeýle hem hyzmatlaryň hödürlenmegine baglydyr. Bu iş önüm öndürmek bilen bagly bolan her bir ykdysady ulgamyň ýüzbe-ýüz bolýan iň wajyp sowallarynyň birine, ýagny “Hojalyk kärhanasy nähili usulda harytlary we hyzmatlary has netijeli öndürip biler?” diýen sowala oýlanyşykly jogap tapmagy talap edýär. Beýle diýmek, bazar ykdysadyýetinde önüm öndürijileriň ulanýan maddy-tehniki serişdelerinden iň ýokary öndürijiligi gazanmagy aňladýar.
Geliň, mysallara ýüzleneliň: islendik bir önümi öndürip, ony satmak bilen meşgullanmagy niýet edinýän bir firmanyň işini alyp göreliň. Islendik telekeçi ýa-da kompaniýa şunuň ýaly biznese başlamazdan öň, birnäçe faktorlary derňäp görmelidir. Ilki bilen öwrenmeli zerurlygyň biri, sarp edijileriň şol öndüriljek önümiň täze bir görnüşine bolan islegiň we umuman, önümiň tebigatyna bolan garaýyşlardyr. Şeýle-de, önüm standarta doly gabat gelmeli we onuň köp görnüşliligini gazanmalydyr.
Firma üçin öndüriljek önüm ýa-da haryt diňe bir köp görnüşli bolmak bilen çäklenmän, eýsem, önümçilikde ýokary derejede awtomatlaşdyrylan ulgamy ulanmak arkaly gurnamakdan başlap, işçi güýjüni we beýleki harajatlary tygşytly ulanyp, sarp edijileriň halaýan harydynyň modelini döretmek bilen önümçilikde harydyň öndüriliş usuly boýunça-da beýleki öndürijilerden tapawutlanmagyň zerurdygyna aňryýany bilen düşünmekdir. Bazar ykdysadyýetinde şunuň ýaly kararlary kabul edýän firma şeýle önümleri satyn alýan we satýan adamlaryň özüni alyp barşynyň netijesinde, gymmatlap ýa-da arzanlap biljek birnäçe dürli bahalar barada ýene-de bir gezek oýlanmalydyr.
Bazar ykdysadyýetinde islendik işiň uly töwekgelçiligi bardyr. Harydyň alyjylary özüne çekmezligi ýa-da önümçilik çykdajylarynyň garaşylyşyndan ýokary bolup, kompaniýanyň, önüminiň bazardan gysylyp çykarylmagyna sebäp bolmagy mümkin. Işiň şowsuzlyga uçramak töwekgelçiligini kompaniýalaryň ýeke özleri boýun alýarlar, şonuň üçin-de, eger olar işi dogry meýilleşdiren bolsalar we olaryň önüm öndürmek işi şowuna düşse, onuň ykdysady hözirini-de olaryň özleri görýärler.
Töwekgelçiligiň we höziriň şahsy adamlardyr kompaniýalar tarapyndan deňagramlaşdyrylmagy islendik bazar ykdysadyýetinde döwletiň hususy emläk hukuklaryny goramak we şertnamalaryň esasy bolup durýan kanunlary durmuşa geçirmek ýaly möhüm wezipeler bilen berk baglanyşyklydyr.
Firmalaryň önüm öndürmek üçin alýan maddy-tehniki serişdeleriniň bahasy üýtgän ýagdaýynda kadalaşdyryş çärelerini amala aşyrmak ýokary önümçiligiň we şunuň ýaly önümleri öndürýän beýleki firmalar bilen bäsdeşligiň wajyp bölegi bolup durýar.
Firmalaryň arasyndaky bu bäsdeşlik sarp edijiler üçin bähbitlidir, sebäbi olar ýokary hilli harytlary arzan bahadan satyn alyp bilýärler. Eger-de olaryň satyn alýan harytlarynyň we peýdalanýan hyzmatlarynyň aglabasy ýokary derejeli bäsdeşlige eýe bolýan bazarlarda öndürilýän bolsa, olaryň býujeti has köp zada ýeter we şol bir girdejileriniň çäginde olara has-da köp önüm satyn almaga mümkinçilik dörär.
Öndürijiligi ýokarlandyrmak üçin işçiler we firmalar bazara täze önümleri çykarmalydyrlar ýa-da harytdyr hyzmatlary bäsdeşleriniňkä garanyňda, az çykdajy bilen has netijeli ýa-da gowy hilli edip çykarmalydyrlar. Gysgaça aýdanyňda, olaryň önümi beýlekilerden has täze, has gowy we arzan bolmalydyr.
Ýokary önümçilik derejesi ýokary iş hakynyň we ýaşaýyş derejesiniň kepilidir. “Ýokary öndürijilik” diýmek her bir işçiniň köp önüm öndürmelidigini aňladýar. Bu bolsa, öz gezeginde uly ykdysady ösüşe öwrülip, onuň höziri adamlaryň alýan ýokary zähmet haklarynda we gowy ýaşaýyş derejesinde öz beýanyny tapar. Çykdajylary azaldyp, has netijeli işlemek, öndürijiligi ýokarlandyrmagyň has oňaýly ýollarynyň biridir.
Häzirki zaman tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýetde ylmy barlaglardyr täzeçillikler dünýä ykdysadyýetiniň durnukly ösüşinde aýgytlaýjy orna eýedir. Kompýuter, telearagatnaşyk we biogenetika pudagyndaky öňe gidişlikler ylmy-barlaglaryň, tejribedir synaglaryň netijesidir. Kompaniýalaryň önümdir hyzmatlaryň täze görnüşlerini işläp düzmegiň ýa-da bar bolanlaryny has netijeli öndüriliş ýollarynyň gözleginde bolmaklary öňegidişlikleriň bazar ykdysadyýetinde dowamly bolmagyna ýardam berýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň amala aşyrýan ykdysady syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga uly ýardam edýär.
Mülkaman Annageldiýew,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy.