Ýer ýüzüniň tebigy aýratynlyklaryna baglylykda, her ýerde dürli jandarlar ýaşaýar, ösümlikler ýetişýär. Şeýle üýtgeşik miweleriň biri hem banan bolup, ol Awstraliýada ýetişýär. “Red Dacca” diýip atlandyrylýan bu banan adaty sary bananlardan has kiçiräk, gyzyl reňki we süýji tagamy bilen tapawutlanýar. Onuň gyzylymtyl-mämişi, gülgün reňklileri hem bolýar. Düzümindäki şeker mukdarynyň adaty banandan az bolýandygy sebäpli berhiz saklaýanlar üçin has ýaramly hasaplanýar. Bu tropik miwe C witaminine örän baý. Bu miwe Günorta Amerikada, Afrikanyň gündogarynda, Ýakyn Gündogar ýurtlarynda we Aziýanyň käbir ýerlerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Miwe terligine hem-de işdäaçarlary we süýjülikleri taýýarlamakda ulanylýar.