Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan döreýän her bir eseri häzirki döwürde terbiýeçilik işlerinde gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Eziz Arkadagymyzyň täzelikde okyjylara gowşup, çuňňur söýgä eýe bolan “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby hem şeýle möhüm gymmatlyga eýedir. Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny janlandyrýan maglumatlara, rowaýatlardyr ertekilere giň orun berlen bu kitap geçmişe şu günüň nazaryýeti bilen garamaga giň ýol açýar. Onda ata Watanymyzyň dünýäde dabaralanýan dostana gatnaşyklarynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň gözbaşlary hakynda söhbet edilýär.
Hormatly Prezidentimiz täze kitabynda geçmişiň şanly taryhyny alnymyzda janlandyrýar. “Jeýhunyň ýakasy”, “Gadymy Merw”, “Sarahs bilen Änewiň aralygynda”, “Nusaýdan Dehistana çenli”, “Daşoguzyň gadymy topragynda” hem-de “Ertekiler dünýäsinde” atly alty bölümden ybarat bolan bu gymmatly kitabyň her bir bölüminde häzirki döwürde uly ösüşlere eýe bolýan welaýatlarymyzyň gadymy taryhy, olaryň dürli ugurlardaky ösüşi beýan edilýär.
Ähli bölümleriň gymmatly maglumatlara eýe bolşy ýaly, kitabyň “Ertekiler dünýäsinde” diýlip atlandyrylan altynjy bölüminde nesilleri öz topragynyň ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýe bolan ertekiler hakynda gymmatly pikirler öňe sürülýär. Bölümde şol döwrüň taryhy durmuşyny geljek nesillere öwretmek üçin dilden-dile geçip gelýän ertekileriň möhüm ähmiýete eýedigi barada gymmatly pikirler nygtalýar.
Kitabyň bu bölümindäki: “Türkmenistanda täsin başdan geçirmeler, jadyly geň-taň mekanlar, edermen gahrymanlar hem-de ýönekeý adamlar, olaryň şatlykdyr hasraty hakyndaky dürli öwüşginli ertekileriň giden bir toplumy emele gelipdir. Halkymyzda ertekiler iňňän gowy görülýär. Halkymyzyň durmuş şertleri hem ertekileriň ýaýradylmagyna hem-de ösdürilmegine oňaýly täsirini ýetiripdir” diýen sözler turuwbaşdan okyjyda ertekilere bolan çuňňur gyzyklanmalary artdyrýar.
Eziz Arkadagymyz bu kitabynda durmuşyň dürli ugurlaryndan söhbet açýan “Azat – Bagt”, “Çapyk molla”, “Kerwenbaşy”, “Patyşa gyzynyň galyňy” ýaly halk ertekileriniň ähmiýeti hakynda gürrüň berýär. Mysal üçin, “Azat – Bagt” ertekisinde bir uly kerwen şähere gelip düşýär. Ýolagçylary bir gurply adam myhmançylyga çagyrýar. Tagam-duz iýlenden soň öý eýesi myhmanlardan dünýä syýahat edip, nirede, nähili täsinlikleri görendikleri hakynda gürrüň bermeklerini soraýar. “Patyşa gyzynyň galyňy” diýen ertekide wezirler patyşanyň oglunyňkyda oturyp, bir-birlerine erteki aýdyşmagy teklip edýärler. Şeýlelikde, wakalar gyzyşyp gidýär.
Hormatly Prezidentimiz kitabynda: “Türkmen ertekileriniň arasynda gönüden-göni Beýik Ýüpek ýoly boýunça edilen syýahat bilen baglylary hem bar” diýip, “Kerwenbaşy” ertekisini mysal getirýär. Ertekide dünýä ýüzüniň adamlarynyň kerwen ýoly bilen hatar gurap, ýurtdan-ýurda haryt alyp gidendikleri, kerwenbaşynyň dünýäniň köp ýerlerinde bolandygy, onuň nirä ýoly düşse-de, ynsanperwerligi baş ýörelge edinendigi aýdylýar.
Hormatly Prezidentimiz kitabynda käbir ertekileriň bütin Gündogar ýurtlarynyň durmuşyna mahsus wakalary öz içine alýandygyny nygtaýar. Munuň özi asyrlaryň dowamynda medeniýetleriň alyşmasyndan hem-de dünýä halklarynyň ýaşaýyş-durmuşynyň dürli meňzeşliklere eýeliginden habar berýär.
Şeýle pikirleri öňe sürmek bilen hormatly Prezidentimiz dünýä okyjylarynyň arasynda meşhurlyga eýe bolan “Totynyň hekaýaty” atly ertekini mysal getirýär hem-de: “Öwrediji häsiýetdäki bu taryhy söhbetleriň köpüsi Aziýanyň tozanly ýollarynyň, deňziň mawy giňişlikleriniň ruhy bilen eýlenen. Hyýaly wakalaryň agdyklyk edýändigine garamazdan, olar ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsine, durmuş gymmatlyklaryna has aýdyň düşünmegimize ýardam edip, durmuş hakykatynyň hem subutnamasydyr” diýýär.
Hoşniýetlilik, bir-birege hemaýat etmek, goldamak, dostana gatnaşyklary ösdürmek ýaly ynsanperwer ýörelgeler kitaba girizilen ertekileriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Geçmişiň syrly sahypalaryndan söhbet açýan ertekileriň haýsy biriniň jümmüşine aralaşsaň-da onda geçmiş durmuşymyzda halkymyza ynsanperwerligiň mahsus bolandygyna, bu ýörelgäniň ata-baba üýtgewsiz dowam etdirilip gelnendigine göz ýetirýärsiň.
Parasatly döwlet Baştutanymyzyň jöwher zehininiň miwesi bolan bu kitapda öwrenere zat juda kän. Kitapda ündelýän pikirleri nesilleriň aňyna ýetirmek bolsa, biziň her birimiziň borjumyzdyr.
Goý, eziz Arkadagymyz halk durmuşyndan söhbet açýan şeýle gymmatly eserleri bilen okyjylary hemişe begendirip dursun!
Seýilbaý SOPYÝEW,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.