Mü­sü­riň “Si­licon In­dust­ri­es” kom­pa­ni­ýa­sy özü­niň il­kin­ji yk­jam te­le­fo­nu­ny köp­çü­li­ge hö­dür­le­di. “Ni­le X” diý­lip at­lan­dy­ry­lan smart­fon üçin des­lap­ky sar­gyt­lar ka­bul edi­lip baş­lan­dy. Ýan­war aýy­nyň ikin­ji ýa­ry­myn­da bu te­le­fon­lar tu­tuş dün­ýä­de sa­ty­lyp baş­la­nar. Ýur­duň il­kin­ji hem-de özü­niň ön­dü­rýän smart­fo­nu­nyň ba­ha­sy 236 dol­la­ra deň­dir. Kom­pa­ni­ýa dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan sar­gyt ka­bul et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Mo­ha­med Sa­lem müş­de­ri­le­r­den jaň­laryň ge­lip baş­lan­dy­gy­ny we mu­nuň örän buý­san­dy­ry­jy wa­ka­dy­gy­ny bel­le­ýär. 5,7 dýuým disp­le­ýi bo­lan “Ni­le X” te­le­fo­ny 4G in­ter­net ul­ga­myn­da iş­le­ýär. Onuň iki ka­me­ra­sy bo­lup, 13 hem-de 5 me­ga­pik­sel göw­rü­min­de su­ra­ta dü­şür­ýär. Çalt zar­ýad al­ýan ba­ta­re­ýa­sy bol­sa, “And­ro­id 7.0 Nou­gat” kuw­wa­tyn­da iş­le­ýär.
Mü­sü­riň Ara­gat­na­şyk we mag­lu­mat mi­nistr­li­gi bu tas­la­ma üçin 400 mil­li­on mü­sür fun­tuny (tak­my­nan, 22,4 mil­li­on dol­lar) sarp et­di. “Si­licon In­dust­ri­es” kom­pa­ni­ýa­sy her ýylda bu te­le­fon­la­ryň 1,8 mil­lio­ny­ny ön­dür­me­gi göz öňün­de tut­ýar.

Komp­ýu­ter önüm­çi­li­gi­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryn­dan “Acer” iň ýu­ka no­ut­buk ön­dür­di. Ýo­ka­ry pro­fes­sio­nal de­re­je­sin­de ön­dü­ri­len komp­ýu­te­riň ga­lyň­ly­gy 8,68 mm-e deň­dir. 4G LTE ul­ga­my bi­len iş­le­ýän komp­ýu­te­riň pros­esso­ry “In­tel Core-i7” bo­lup, on­da öz­baş­dak 10 sa­gat­dan gow­rak iş­läp bol­ýar. Onuň da­şy al­ýu­min­den ýa­sa­lyp­dyr. ABŞ-da ol şu ýy­lyň mar­tyn­dan baş­lap, 1700 dol­lar­dan sa­tu­wa çy­ka­ry­lar. Ýew­ro­pa­da bol­sa, ap­rel aýyn­da sa­tu­wa çy­kar­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.

“And­ro­id” teh­no­lo­gi­ýa­sy ar­ka­ly iň go­wy iş­le­ýän smart­fon­la­ryň sa­na­wy taý­ýar­lan­dy. “And­ro­id Aut­ho­ri­ty” por­ta­ly­nyň hü­när­men­le­ri­niň aýt­ma­gy­na gö­rä, bu ugur­da bi­rin­ji­li­gi “Hua­wei Ma­te-10 Pro” eýe­le­di. Te­le­fon­la­ra teh­ni­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry, batareýasynyň kuw­wat­ly­ly­gy, iş­le­ýiş tiz­li­gi, kamerasynyň göwrümi we nyr­hy bo­ýun­ça ba­ha be­ril­di. Sa­na­wa gö­rä, bi­rin­ji­li­gi “Hua­wei Ma­te-10 Pro” eýe­län bol­sa, ikin­ji­lik “Sam­sung Ga­laxy No­te-8”-e de­giş­li bol­dy. Üçün­ji or­na bol­sa, “OneP­lus-5T” my­na­syp bol­dy.

Hy­ta­ýyň “CRRC Changchun Ra­il­way Vehicles” kom­pa­ni­ýa­sy ug­le­rod ýüp­lü­gin­den met­ro­lar üçin wa­gon ön­dü­ren­di­gi­ni mä­lim et­di. Olar çe­ýe­li­gi hem-de ener­gi­ýa tyg­şyt­ly­ly­gy ýa­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len öňe saý­lan­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, tä­ze wa­gon­lar ada­ty me­tal­dan ýa­sa­lan wa­gon­lar­dan 35 gö­te­rim ýe­ňil. Bu bol­sa, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny tyg­şyt­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ug­le­rod ýüp­lü­gi pos­lap, dar­ga­ma gar­şy hem çe­ýe­dir. Şeý­le ma­te­ri­al­dan ýa­sa­lan wa­gon­la­ry azyn­dan 30 ýyl ulan­mak bo­lar.

Öý goş­la­ry öz ara­la­ryn­da ha­bar­la­şyp bi­ler­mi? Mu­nuň jo­ga­by örän geň bol­sa ge­rek. LG şe­re­ke­ti bu so­ra­gyň jo­ga­by­ny ber­mä­ge bi­reý­ýäm taý­ýar. Las-We­gas­da 2018-nji ýy­lyň 9-12-nji ýan­wary ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len elekt­ro­n en­jam­la­ry ser­gi­sin­de (CES 2018) LG şe­re­ke­ti tä­ze “ThinQ” dur­muş en­jam­la­ry tap­gy­ry­ny köp­çü­li­ge hö­dür­le­di. Tap­gy­ryň aý­ra­tyn­ly­gy, na­har­ha­na­da ula­nyl­ýan so­wa­dy­jy­nyň, gyz­dy­ry­jy­nyň we gap ýu­wu­jy­nyň öz ara­la­ryn­da ha­bar­laş­ma­gyn­dan yba­rat. Bu hadysa en­ja­myň öňün­de ýer­leş­di­ri­len ek­ran ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar. Ek­ran­da­ky “Ins­taView ThinQ” si­ze taý­ýar­la­jak na­har­la­ry ba­ra­da men­ýu hö­dür­le­ýär. Haý­sy­dyr bir na­har saý­la­nan­dan soň, so­wa­dy­jy taý­ýar­lan­jak na­ha­ry “Alexa EasyCle­an” na­har pe­ji­ne ha­bar ber­ýär. Na­har taý­ýar bo­lan des­si­ne peç hem “Quad­Wash” gap ýu­wu­jy en­ja­ma na­har gör­nü­şi­ni ýaň­zyd­ýar. Bu ul­ga­myň iş­le­ýiş ter­ti­bi­ni “akyl­ly” te­le­fon­lar ar­ka­ly hem do­lan­dyr­mak müm­kin­çi­li­gi bar. Bu­lar­dan baş­ga-­da, so­wa­dy­jy içi­ne goý­lan iý­mit­le­riň ula­ny­lyş möh­le­ti­ne hem üns ber­ýär.
“Ma­te-10 Pro” bi­len uly üs­tün­lik ga­za­nan “Hua­wei” kom­pa­ni­ýa­sy sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak tä­ze te­le­fon­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi­ne uly üns ber­ýär. Bu ýyl­ky ön­dür­jek tä­ze tap­gyr­la­ryn­da bol­sa, muş­dak­la­ry­na “P20”, “P20 Plus” we “P20 Pro” görnüşlerini hö­dür­le­me­gi mak­sat edin­ýär. “P20” üç ka­me­ra­sy bi­len 40 me­ga­pik­sel, ýüzündäki ka­me­ra­sy 24 me­ga­pik­sel du­ru­lyk­da su­ra­ta dü­şür­mek uky­by­na eýe. “Hua­wei”-niň öň­ki görnüşinde iki ka­me­ra bo­lup, bi­ri RGB öl­çe­gin­de, beý­le­ki­si bol­sa, mo­noh­rom öl­çeg­de su­ra­ta dü­şür­ýär­di. Be­ril­ýän ha­bar­la­ra gö­rä, üçün­ji ka­me­ra­nyň ýer­leş­di­ril­me­gi bi­len 5 es­se ýa­kyn­laş­dyr­mak ar­ka­ly ýag­ty­ly­gyň pes ýer­le­rin­de hem su­ra­ta dü­şü­rip bol­ýar. “P10” mo­de­lin­dä­ki ka­me­ra­nyň aý­ra­tyn­ly­gy 20 we 12 me­ga­pik­sel du­ru­lyk­da su­ra­ta al­mak uky­by­na eýe­di. Şu ýylyň 26-njy few­raly 1-nji marty ara­ly­gyn­da Bar­se­lo­na­da ge­çi­ril­jek Bü­tin­dün­ýa teh­no­lo­gi­ýa kong­re­sin­de bu telefonyň köp­çü­li­ge hö­dür­le­nil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär.