Fran­suz ne­şir­ýa­ty “Su­per Ter­ra­in” üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da Reý Bred­be­ri­niň “Fa­ran­geýt bo­ýun­ça 451 gradus” at­ly ese­ri­niň tä­ze gör­nü­şi­ni çy­kar­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Ki­ta­byň sa­hypa­la­ryn­da ýaz­gy­la­ryň peý­da bol­ma­gy üçin ony oda go­laý­laş­dyr­ma­ly. Ni­der­landlaryň Ýa­n Wan Eý­k adyndaky akademiýasynyň “Char­les Ny­pels” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bar­lag­ha­na­syn­da öz­bo­luş­ly ne­şir iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy.
“Su­per Ter­ra­in”-iň iş­gär­le­ri bi­ziň bar­lag­ha­na­myz­da iş­läp, öz iş­le­ri­niň soň­ky tap­gy­ry­ny ama­la aşyr­dy­lar. Ýa­kyn­da olar “Fa­ran­geýt bo­ýun­ça 451 g­ra­dus” at­ly ki­ta­byň öz­bo­luş­ly gör­nü­şi­ni gör­kez­di­ler” di­ýip, bar­lag­ha­na­nyň ha­ba­ryn­da mä­lim edil­ýär. Bu tä­sin ki­ta­byň sa­hy­pa­la­ry­na ot deg­ýän­çä ga­ra­ly­gy­na gal­ýar. Ha­çan-da, oňa ot has go­laý­laş­dy­ry­lan­da, ki­ta­byň tekst­le­ri peý­da bol­ýar. Reý Bred­be­ri­niň “Fa­rang­eýt bo­ýun­ça 451 ga­ra­dus” at­ly ki­ta­by 1952-nji ýyl­da il­kin­ji ge­zek ne­şir edi­lip­di.