Tehas uniwersitetiniň hünärmenleri Kolumbiýanyň dünýä belli ýazyjysy, 1982-nji ýylda Nobeliň edebiýat boýunça baýragynyň eýesi Gabriel Garsiýa Markesiň (1927 – 2014) arhiwiniň bir bölegine erkin elýeterlilik mümkinçiligini döretdi. “The New York Times” gazetiniň maglumatlaryna görä, bu arhiw iki ýyl mundan ozal, uniwersitet tarapyndan 2,2 million dollara satyn alyndy we uniwersitetiň ýanyndaky Garri Rensom merkezinde elektron görnüşe geçirmek işleri tamamlanyp, resminamalaryň 27 müňe golaýy internetde elýeterli edildi.
Arhiwiň katalogy iňlis we ispan dillerinde düzülipdir. Onda ýazyjynyň köp eserleriniň garalamasy, şol sanda, dünýäde oňa uly şöhrat getiren “Ýüz ýyl ýalňyzlykda”, şeýle hem, dürli suratlary, ýazyjynyň ýazgy depderçeleri, ýatlamalary, pasporty saklanýar. Şeýle hem “The New York Times” bu arhiwiň käbir maglumatlary bilen tanyş bolmak üçin Markesiň döredijiligi bilen gyzyklanýanlaryň Tehas uniwersitetine gelmeli boljakdyklaryny ýaňzydýar. Elektron görnüşe geçirilen ýygyndylara ýazyjynyň “Awgustda görşeris” atly iň soňky gutarylmadyk eseriniň garalamasy girizilmedi. Bu eseriň baplarynyň biri ýazyjy aradan çykandan soň, 2014-nji ýylda neşir edilip, häzir bu eseri ýaňadandan neşir etmek meýilleşdirilmeýär. Elektron görnüşe geçirilen arhiw häzir internet ulgamynda ýerleşdirildi.