As­lyn­da, ýat tut­mak söz­le­riň yzy­gi­der­li­li­gi bi­len beý­ni­mi­ze ýaz­dy­ryl­ma­gyn­dan yba­rat. Ol bir­nä­çe ge­zek gaý­ta­la­ny­lan­dan soň­ra ýat­da gal­ýar. Bir goş­gy ýa-da kys­sa gör­nüş­li eseri ýat tut­mak il­kin­ji ge­zek bi­raz kyn düşýär. Em­ma ol yzy­gi­der­li ýe­ri­ne ýe­ti­ri­le­nin­de ýat­la­mak hem aň­sat­laş­ýar. Ýag­ny tür­gen bol­mak üçin be­de­n hereketlerini yzygiderli ýerine ýetirýän bol­sak, beý­ni­mi­zi tür­gen­leş­dir­mek üçin hem köp­räk ýat tut­ma­ly. Baş­gaça aý­dy­lan­da, ýat tut­mak edil beý­le­ki iş­ler­de ga­za­ny­lan tej­ri­bä meň­ze­ýär. Mu­nuň üçin esa­sy bir­nä­çe usul­dan peý­da­lan­sa bo­lar.
Se­siň ýaz­dy­ryl­ma­gy: gün­de­lik dur­muş­da o di­ýen köp peý­da­la­nyl­ýan ýag­daý bol­ma­sa-da, esa­san, baş­ga dil­ler­dä­ki söz­le­ri ýat tut­mak­da örän tä­sir­li usul­la­ryň bi­ri­dir. Gu­la­gyň eşi­dýän za­dy­ny beý­ni ýaz­ga geçirýär.
Ýaz­mak: ýat tut­mak kyn düş­ýän bol­sa, ony ka­gy­za ýa­zyp, he­mi­şe göz öňün­de dur­jak ýer­de goý­mak örän tä­sir­li bo­lar. Di­ňe ýat tut­ma­gy has kyn bo­lan zat­la­ry hem ýa­zyp bi­ler­si­ňiz. My­sal üçin: aş­ha­na­da­ky so­wa­dy­ja, ir­den di­şi­ňi­zi arassalanyňyzda gör­me­gi­ňiz üçin ham­mam­da­ky aý­na ýa-da öý­den çy­kyp bar­ýar­ka­ňyz gö­zü­ňiz düş­me­gi üçin ga­pa ýapyşdyryp bilersiňiz.
Beý­le­ki eli­ňi ulan­mak: ga­py­ny aç­mak, kä­sä­ni tut­mak, ga­la­my tut­mak ýa­ly gün­de­lik dur­muş­da ed­ýän he­re­ket­le­ri­ňi­zi çep eli­ňiz bi­len (çep­be­keý bol­sa­ňyz, sag eli­ňiz bi­len) ýe­ri­ne ýe­tir­mek beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­ýar. Ol ýat­keş­li­ge we pi­kir­len­mä­ge-de ýar­dam ed­ýär.
So­rag ber­mek: bir-iki gün, bir hep­de ýa-da bir aý ozal nä­me eden­di­gi­ňiz, ni­rä gi­den­di­gi­ňiz, nä­me iýen­di­gi­ňiz ba­ra­da öz-özü­ňi­ze so­wal be­riň we jo­ga­by­ny tap­ma­ga ça­l­şyň! Ola­ryň nä­çe­si­ne dog­ry jo­gap be­ren­di­gi­ňi­zi bar­lap gö­rüň!
Oýun dö­ret­mek: kö­çe­de bar­ýar­ka­ňyz, se­ýil­gäh­de ge­ze­lenç ed­ýär­kä­ňiz, daş-tö­we­re­gi­ňiz­dä­ki ýaz­gy­lar­dan ýa-da san­lar­da söz tap­ma­ga we söz­lem düz­mä­ge sy­na­ny­şyň! Bu si­ziň ýat­keş­li­gi­ňi­zi art­dy­rar.
Wag­ty dog­ry saý­la­mak: ir bi­len be­de­n we aň du­ry bol­ýar. Şol se­bäp­li ýat bek­le­mek üçin iň amatly wagt gü­nüň il­kin­ji pur­sat­la­ry­dyr. Ag­şam ýat­maz­dan öňin­çä bol­sa, ýat­la­ýan za­dy­ňy­zy gaý­ta­la­mak has-da tä­sir­li­dir.
Asu­da ýer: ses­siz otag ýa-da asu­da açyk ho­wa ýat tut­ma­gy­ňy­zy ýe­ňil­leş­di­rer.