Älemgoşar hemişe ýedi reňkli bolmaýar. Örän seýrek hem bolsa, ak älemgoşara duş gel-mek bolýar. Bu adaty bolmadyk tebigy hadysa “ümür guşagy” hem diýilýär. Ol ümürli howada 0,05 millimetrden ybarat suw damjajyklaryndan emele gelýär. Bu damjalar adaty älemgoşar peýda bolanyndaky ýaly şöhläni döwmeýär. Ak älemgoşarda-da azda-kände reňk bolýar. Onuň daşynda çalaja görünýän gyzyl çyzyk we iç tarapynda bolsa, gögümtil çyzyk bolýar. Ol Güneş siziň arkaňyzda mahaly görünýär. Ol uçarda barylýan mahaly hem peýda bolup bilýär. Ony görmek üçin ýokardan aşaklygyna seretmek zerurdyr. 2016-njy ýylyň güýzünde bu hadysany norwegiýaly fotosuratçy Melwin Nikolson surata düşüripdir. Ol öz suratyny has owadan bolar ýaly bir agajyň öňüne geçip düşüripdir. Ol şol pursatyň ömründe ýatdan çykmajak pursatlaryň biri bolandygyny belleýär.