Dünýäniň inedördül metre iň köp adam düşýän ýeri Nýu-Ýork ýa-da Gonkong diýip, pikir edýän bolsaňyz, ýalňyşýarsyňyz. Kolumbiýanyň Santa Krus del Islote adasynyň meýdany bary-ýogy 9 müň 700 inedördül metr. Tebigy taýdan örän arassa bu adanyň ilaty 1200 adam töweregi. Ini 200 metre, uzynlygy 60 metre barabar bolan bu ýerde adamlar mundan 150 ýyl ozal ýerleşipdirler. Şol döwürler birnäçe balykçy bu adanyň töwereginde aw edip, bir gije şol ýerde bolýarlar, rahat uklaýarlar. Munuň adada çybynyň ýokdugy sebäpli şeýle bolýandygyny bada-bat bilýärler. “Condé Nast Traveller” atly syýahatçylyk žurnalynyň habaryna görä, şol balykçylar ol ýerde hemişelik ýaşap başlapdyrlar. Häzirki wagtda bu ýerde jemi 90 hojalyk, iki dükan, bir mekdep we bir restoran bar. Içimlik suw bolsa, gämi bilen daşyndan getirilýär. Bu ýeriň elektrik energiýasy Gün paneli bilen işleýän generator tarapyndan üpjün edilýär. Adanyň ýaşaýjylary balykçylyk bilen meşgullanýar. Şeýle hem beýleki adalarda işleýärler. Dünýäniň iň gözel ýerlerini görmäge gelýänler üçin bu ýerde syýahatçylyk hyzmaty hem hödürlenýär.