Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­myz­da ge­çi­ril­jek yk­ly­myň iri sport ýa­ry­şy – Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na bar­ha go­laý­laş­ýa­rys. Azi­ýa we Okea­ni­ýa­nyň ök­de tür­gen­le­ri­ni bir ýer­de jem­le­jek bu sport ýa­ry­şy­nyň baş­lan­ma­gy­na 500 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li tu­tuş ýur­du­my­zy gur­şap al­ýan we Azia­da-2017-niň açy­lyş da­ba­ra­sy gü­ni ta­mam­lan­jak at­ly ýö­ri­şe ba­dal­ga be­ril­di. Ga­dy­my “Nu­saý” döw­let ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­syn­da ge­çi­ri­len çä­rä hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow hem gat­naş­dy.
Ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň wa­gyz­çy­sy bo­lan mil­li Li­de­ri­mi­ziň ak pa­ta ber­me­gin­de at­ly ýö­ri­şe da­ba­ra­ly ýag­daý­da başlandy. Ýur­du­my­zyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­jak bu çä­rä gat­naş­mak üçin Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň (AOG) pre­zi­den­ti şeýh Ah­mad Al-Fa­had Al-Sa­bah, dün­ýä­niň en­çe­me ýur­dun­dan köp san­ly myh­man­lar we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri paý­tag­ty­my­za gel­diler we bu şan­ly wa­ka­nyň şa­ýa­dy bol­du­lar.
2007-nji ýyl­da ÝUNES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len ga­dy­my “Nu­saý” ga­la­sy baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­nyň şow­hun­ly ýe­ri­ne öw­rül­di. Bu ýer­de ýur­du­my­zyň sport­da we dür­li ugur­lar­da ýe­ten de­re­je­si­ni açyp gör­kez­ýän ser­gi gur­a­lyp­dyr.
Mil­li Li­de­ri­miz da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň öňün­de söz söz­läp, şu gün ba­dal­ga be­ril­ýän da­ba­ra­ly at­ly ýö­riş hal­ky­my­zy dö­re­di­ji­lik­li iş­le­re gal­kyn­dy­rar. Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň şöh­rat­ly geç­mi­şi­ne, şu gü­nü­ne we gel­je­gi­ne buý­san­jy­ny art­dy­rar di­ýip bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu at­ly ýö­ri­şiň baý me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň, ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­my­zyň, däp-des­sur­la­ry­my­zyň, hä­zir­ki dö­wür­de ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň, ýet­ýän be­lent sep­git­le­ri­mi­ziň aja­ýyp be­ýa­ny­na öw­rül­jek­di­gi­ne berk ynam bil­dir­di.
Da­ba­ra­da çy­kyş eden Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň (AOG) pre­zi­den­ti şeýh Ah­mad Al-Fa­had Al-Sa­bah Türk­me­nis­tan ar­zuw-umyt­la­ryň dur­mu­şa geç­ýän döw­rü­ne ga­dam goý­mak bi­len, Azi­ýa­nyň iň ýo­ka­ry de­re­je­li sport ýa­ryş­la­ry­nyň bi­ri­ni ge­çir­mek hor­ma­ty­na my­na­syp bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň sport­da gör­kez­ýän uly hyz­mat­la­ry­na, ra­ýat­la­ryň be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry üçin al­nyp ba­ryl­ýan yzy­gi­der­li iş­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär di­ýip, AOG-nyň baş­tu­ta­ny aýt­dy we mu­nuň üçin mil­li Li­de­ri­mi­ze çuň­ňur ho­şal­lyk bil­dir­di.
Şeý­le hem ol Azia­da-2017-niň oýun­la­ryn­da bir­nä­çe gör­ke­zi­ji­ler bo­ýun­ça re­kord ne­ti­je­le­riň gör­ke­zil­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýan­dy­gy­ny, bu oýun­la­ryň mi­ra­sy bü­tin Türk­me­nis­tan üçin uly äh­mi­ýet­li bol­jak­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­tap geç­di.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz at­ly to­par­dan saý­la­nyp ge­len ýi­gi­de ýur­du­my­zyň ýa­şyl tu­gu­ny, baş­ga bir at­ly ýi­gi­de Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ala­wy­ny gow­şur­dy. Şeýh Ah­mad Al-Fa­had Al-Sa­bah bol­sa, yene-de bir at­ly ýi­gi­de Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň baý­da­gy­ny gow­şur­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ry bu ta­ry­hy wa­ka bi­len gut­lap, at­ly ýi­git­le­re hem-de ola­ryň ýa­nyn­da bol­jak dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ne, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne uly üs­tün­lik ar­zuw et­di.
“Goý, türk­men spor­tu­nyň we dün­ýä­niň sport gi­ňiş­li­gin­de gül­läp ös­ýän ýurt bo­lan Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy be­len­de gö­te­ril­sin!” di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz at­ly­la­ra ak ýol ar­zuw et­di. Şol pur­sat­da bu ýer­de otur­dy­lan ägirt uly mo­ni­tor­da sa­ga­dyň wag­ty yzly­gy­na ha­sap­lap baş­la­ýan­dy­gy gö­rün­di. Ol ýer­de sa­ga­dyň dil­le­ri­niň aý­lan­ma­gy bi­len “500” bel­gi “499” bel­gi bi­len çal­şyl­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň we Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň baý­dak­la­ry­ny hem-de Azia­da­nyň ala­wy­ny gö­te­rip bar­ýan at­ly ýi­git­le­riň yzy­na da­ba­ra­ly aý­dym-sa­zyň as­tyn­da beý­le­ki at­ly­lar dü­şüp ug­ra­dy­lar.
Şeý­le­lik­de, 17 at­ly­nyň gat­naş­ma­gyn­da 2017-nji ýyl­da ge­çi­ril­jek V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň açyl­ma­gy­na 500 gün ga­lan­da at­ly ýö­ri­şe başlanmagy ol ýa­ryş­la­ryň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi­ne ak pa­ta bo­lup dur­ýar. Şu pur­sat­da el­le­ri baý­dak­ly we Azia­da alaw­ly at­ly­lar ahal­te­ke be­dew­le­rin­de ýol­la­ry­ny do­wam et­di­ler. At­ly ýö­ri­şiň do­wa­myn­da olar her we­la­ýat­da 100 gün bo­lar­lar we se­bi­tiň ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri­ne, aja­ýyp ýer­le­ri­ne syn eder­ler. At­ly ýö­ri­şiň bar­şy ba­ra­da ýö­ri­te te­le­gep­le­şik­ler we ga­zet ma­ka­la­la­ry yzy­gi­der­li taý­ýar­la­nar.

Soň­ra bu ýer­dä­ki da­ba­ra ýur­du­my­zyň sun­gat us­sat­la­ry­nyň taý­ýar­lan kon­ser­ti bi­len ut­ga­şyp git­di. Olaryň taýýarlan kon­ser­ti myh­man­lar­da uly tä­sir gal­dyr­dy. Baý­ram­çy­lyk fe­ýer­wer­ki bu ýer­de gu­ra­lan da­ba­ra­nyň je­mi­ni jemle­di. Ýa­kyn­la­şyp gel­ýän Azia­da­nyň hor­ma­ty­na gu­ra­lan da­ba­ra­lar Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň paý­has­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­myz­da ägirt uly me­ýil­na­ma­la­ryň we ar­zuw­la­ryň ama­la aş­ýan­dy­gy­ny äş­gär et­di.
“Nu­saý” döw­let ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­syn­da gu­ra­lan da­ba­ra­lar Sag­lyk ýo­lu­na köp­çü­lik­le­ýin ýö­riş, “Sag­dyn­lyk we bag­ty­ýar­lyk” bi­raý­ly­gy­nyň ta­mam­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li me­de­ni çä­re­ler, onuň çäk­le­rin­de gu­ra­lan bäs­le­şik­le­riň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak we “Türk­me­nis­tan-sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy” at­ly spar­ta­kia­da­nyň jem­le­ri­ni jem­le­mek da­ba­ra­la­ry bi­len ut­gaş­dy.

AZIA­DA–2017 BA­RA­DA MAG­LU­MAT­LAR:

Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de il­kin­ji bo­lup, Aş­ga­bat­da 2017-nji ýyl­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ri­ler.
Azia­da-2017-niň mak­sat­na­ma­sy­na gi­ri­zi­len spor­tuň 21 gör­nü­şi bo­ýun­ça Azi­ýa­nyň we Okea­ni­ýa­nyň tür­gen­le­ri baý­rak­ly orun­lar üçin bäs­le­şer­ler.
Azia­da-2017-niň bu Oýun­la­ryň ta­ry­hyn­da iň giň ge­rim­li­si bol­jak­dy­gy bel­lär­lik­li­dir – il­kin­ji ge­zek oňa Okea­ni­ýa ýurt­la­ryn­dan tür­gen­ler gat­na­şar.
Hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki sport ýa­ry­şy üçin Aş­ga­bat­da de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk iri sport top­lu­my gu­rul­ýar. Umu­my meý­da­ny 157 gek­ta­ra ba­ra­bar bo­lan Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi özün­de sport we beý­le­ki dü­züm­le­riň des­ga­la­ry­nyň 30-dan gow­ra­gy­ny bir­leş­dir­ýär.
Şä­her­ji­giň giň meý­da­ny­ny gur­şap alan hem-de sport des­ga­la­ry­ny öz ara­la­ryn­da bag­la­nyş­dyr­ýan, uzyn­ly­gy 5 müň 180 met­re ba­ra­bar bo­lan mo­no­rels ýo­ly gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar.
Şä­her­ji­giň des­ga­la­ry­nyň uly sa­na­wyn­da 45 müň orun­lyk tä­ze Olim­pi­ýa sta­dio­ny, 6 müň orun­lyk üs­ti ýa­pyk we­lot­rek, spor­tuň ba­şa-baş sö­weş hem-de beý­le­ki gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek üçin ni­ýet­le­nen 5 müň we 15 müň orun­lyk üs­ti ýa­pyk are­na­lar, 5 müň orun­lyk üs­ti ýa­pyk ýe­ňil at­le­ti­ka des­ga­sy, 5 müň orun­lyk üs­ti ýa­pyk suw top­lu­my hem-de açyk suw­da ýü­zül­ýän ho­wuz, de­giş­li­lik­de her bi­ri 4 müň hem-de 2 müň orun­lyk üs­ti ýa­pyk we açyk ten­nis meý­dan­ça­la­ry, 1 müň orun­lyk mün­ber­li kö­pugur­ly sport meý­dan­ça­sy hem-de spor­tuň to­par­la­ýyn gör­nüş­le­ri üçin ni­ýet­le­nen açyk meý­dan­ça­lar, şeý­le hem ki­çi we uly tür­gen­le­şik zal­la­ry bar.

«Zaman-Türkmenistan».