Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen döwleti dünýä ýurtlary bilen ýakyndan ysnyşykly we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hoşniýetli gatnaşyklary alyp barýar. Şol ýurtlaryň hatarynda Saud Arabystany Patyşalygyny hem görkezmek bolar. Golaýda, ýagny maý aýynyň 1-3-i aralygynda milli Liderimiziň bu ýurda amala aşyran resmi sapary wakalara baý boldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen-saud gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejelere çykmagyna we döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berdi.
DÖWLETARA GATNAŞYKLARY BERKEÝÄR
Döwlet Baştutanymyza Saud Arabystany Patyşalygynda uly sarpa we hormat goýuldy. Muny döwlet Baştutanymyzyň bu ýurtda bolmagynyň ilkinji pursatlaryndan başlap, duýmak boldy. Milli Liderimizi Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdulaziz Al Saud mähirli garşylady. Dostlukly ýurduň paýtagty Er-Riýadda ýokary derejede türkmen-saud gepleşikleri geçirildi. Onuň barşynda iki ýurduň arasyndaky öňden gelýän dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar esasy üç ugur boýunça: söwda, maliýe we maýa goýum babatda mundan beýläk hyzmatdaşlyklary has-da berkitmäge isleg bildirilýändigini belläp geçdiler. Mundan başga-da ýangyç-energetika, nebit-himiýa, gaz-himiýa, ulag, dokma, gurluşyk, tehnologiýa, oba hojalygy, ylym-bilim, medeniýet ugurlarynda-da hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ylalaşyldy.
Gepleşikleriň barşynda döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirjek birnäçe ylalaşyklara gol çekildi. Esasan hem, howpsuzlyk, sport, ýurdumyzdaky taslamalary maliýeleşdirmek, söwda we senagat, ylym-bilim, howa gatnawy ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn ylalaşyklar gazanyldy.
IŞJEŇ DUŞUŞYKLAR GEÇIRILDI
Hormatly Prezidentimiz bu saparynyň barşynda köp sanly duşuşyklar geçirdi. Milli Liderimiz Saud Arabystany Patyşalygynyň birnäçe ministri hem-de iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Işjeň ýagdaýda geçirilen duşuşykda özara söwda we ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek babatda gürrüň edildi.
Milli Liderimiz Saud Arabystanynyň işewür toparynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda dostlukly ýurduň wekillerini biziň ýurdumyza dürli taslamalara gatnaşmaga çagyrdy. Bu ýerde, hususan-da, gürrüň ýangyç-energetika, ulag we gurluşyk materiallary senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada gidýär. Bu üç ugur boýunça biziň ýurdumyzda ägirt uly taslamalar amala aşyrylýar. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini, gazhimiýa pudagyna degişli iri önümçilik desgalarynyň gurluşygyny, iri howa menziliniň, polat ýollaryň gurluşyklaryny muňa mysal getirmek bolar.
Döwlet Baştutanymyz, ilkinji nobatda, kuwwaty ýylda 33 milliard kub metr tebigy gaza barabar bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde göz öňünde tutulýan hyzmatdaşlygyň aýratyn ornuny belläp, Saud Arabystanynyň kompaniýalaryny we maliýe institutlaryny bu taslama gatnaşmaga çagyrdy.
Hususan-da, arap kompaniýalaryna esasy ugurlaryň üçüsi boýunça taslama gatnaşmak mümkinçiligine garamak teklip edilýär. Olar söwda ugry boýunça – turba önümleri we gaz enjamlary bilen üpjün etmek, maliýeleşdirmek ugry boýunça karz serişdelerini bermek, Saud Arabystanynyň kompaniýalary üçin geljegi nazarlaýan maýa goýum ugry boýunça gury ýerde iň iri gaz känini özleşdirmek hem-de TOPH konsorsiumyna gatnaşmak bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz Patyşa Abdulaziz adyndaky Ylym we tehnologiýalar şäherjigine hem-de “Ad-Diriýa” taryhy şäherçesine baryp gördi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Yslam ösüş bankynyň prezidenti doktor Ahmad Mohamed Ali Al-Madani bilen hem duşuşdy.
MILLI LIDERIMIZE ULY SARPA
Hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurda amala aşyran saparynyň çäklerinde Mekgede keramatly Käbä zyýarat etmegi, şu gezekki taryhy sapara aýratyn ruhy öwüşgin çaýdy. Hormatly Prezidetimiz we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mukaddes Käbäniň daşyndan ýedi gezek aýlanýan mahaly dileg edip, umry haja niýetlenen hemme däp-dessurlary berjaý etdiler. Milli Liderimiz mukaddes Käbäniň daşyndan ýedi gezek aýlanandan soň, “Hajar Al-Aswad” Gara daşynyň ýanynda saklanyp, Watanymyzyň baky abadançylygynyň, parahatçylygynyň we gülläp ösüşiniň, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we eşretiniň hatyrasyna Beýik Biribardan doga-dileg etdi.
Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdylaziz Al Saud tarapyndan türkmen halkyna, hormatly Prezidentimize bildirilýän çuňňur hormat-sarpanyň nyşany hökmünde hormatly Arkadagymyz üçin mukaddes Käbäniň – Allatagalanyň öýüniň gapylary açyldy we onuň içinde namaz okamak üçin ýörite mümkinçilik döredildi.
Ilki bilen, hormatly Prezidentimiz mukaddes Gara daşy öpüp, togap etdi. Bu ýerde milli Liderimize üç ýerde – Muhammet Pygamberiň namaz okan ýerinde, Käbäniň içki diwarynyň ýanynda, Gara daşyň iç ýüzündäki keramatly burçunda namaz okamaga mümkinçilik döredildi.
«Zaman-Türkmenistan».