Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri hökmünde ýaýbaňlanýar. Häzirki döwürde ýurdumyz telekommunikasiýa, hemra aragatnaşygyny döwrebap kämilleşdirmek babatda iň öňdebaryjy innowasiýalary durmuşa ornaşdyrýar.
Bilşimiz ýaly, milli Liderimiz 2011-nji ýylda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyna ylmy gazananlary giňden ornaşdyrmak, kosmos işini ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Milli kosmos agentligini döretmek hakynda” Permana gol çekdi. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek milli hemra ulgamynyň kemala gelmegi ýurdumyzda aragatnaşyk pudagynyň ösüşini çaltlandyrmaga, internet hem-de telewideniýäniň işini ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň halk hojalygynyň öňünde goýlan giň möçberli wezipeleri talabalaýyk çözmek işinde uly ähmiýete eýedir. Hususan-da, ulgam oba hojalyk meýdanlaryna monitoringi alyp barmaga, nebit-gaz toplumy üçin barlaglary geçirmäge, ekologiýa gözegçiligini ýola goýmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, bu işler gysga wagtyň içinde ýola goýuldy. Şeýlelikde, ilkinji gezek 2015-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň ilkinji “Türkmenistan Älem 52.OE” milli aragatnaşyk hemrasy Aşgabat wagty bilen 7 sagat 10 minutda özüniň ýerleşmeli Älem giňişliginiň gündogar uzaklygynyň 52-nji nokadynda Ýerden 36 müň kilometr beýiklikde üstünlikli ýerleşdirildi. Türkmenistanyň aragatnaşyk hemrasy orbita çykarylandan soň, ony dolandyrmak Ahal welaýatyndaky milli hemra ulgamynyň dolandyryş merkezinden amala aşyrylyp ugraldy. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistan Älem 52.OE” milli aragatnaşyk hemrasy Ýeriň üstünden takmynan, 36 müň kilometr uzaklykda ýerleşýän, geostasionar orbitasyna çykaryldy, ýokary belentlikde hereket etmek bilen, 24 sagadyň dowamynda – Ýeriň gije-gündiz aýlanyş döwründe planetanyň daşynda bir gezek aýlawy amala aşyrýar. Şeýlelikde, geostasionar orbitada hereket edýän hemra ýer üstüniň bir nokadyna hereketsiz ýagdaýda “asylyp” durýar. Onuň üstündäki radioenjamlar ýer üsti radiostansiýalarynyň tolkunlaryny güýçlendirip, beýleki ýerüsti radiostansiýalaryna alyp eşitdirýär. Emeli hemra mundan başga-da birnäçe derwaýys işleri amala aşyrmakda uly ähmiýete eýedir. Şeýle işleriň hatarynda biri-birinden müňlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýän ýer üsti stansiýalaryň arasynda maglumatlary geçirmek, internet hyzmatlaryny çaltlandyrmak, uzak aralykdan ylmy, halkara hem-de ylmy-amaly okuwlary guramak, lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmak, wideoşekilli maslahatlary geçirmek ýaly işlerde onuň ähmiýeti uludyr.
Dolandyryş merkezinde tejribeli hünärmenler emeli hemranyň işini kada laýyk alyp barmak, ýaýlymlaryň hilini ýokarlandyrmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ylmy ugurly taslamalary amala aşyrmak işinde dünýä tejribesinden peýdalanýarlar. Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde milli Liderimiziň tagallasy bilen durmuşymyzyň ähli ugurlarynda internet ulgamy elýeterli edildi. Hemranyň ulanylmaga berilmegi, öňi bilen, internet ulgamynyň ýokary tizlik bilen işlemegini, has ýokary hilli sanly telewizion gepleşikleri görkezmegi üpjün etdi. Muny milli Liderimiziň başlangyjy boýunça 17-27-nji sentýabr aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dünýä ýaýlymyna berlişi hem aýdyň görkezdi. Älem-jahanyň ýurtlary bu günlerde ýurdumyzda ýaýbaňlanan sport forumyna göni ýaýlym we internet ulgamynyň işjeňligi esasynda tomaşa etmäge mümkinçilik tapdylar. Milli Liderimiz hemra aragatnaşygynyň Türkmenistanda älem bilen baglanyşykly barlag işlerini ösdürmäge we kämilleşdirmäge ýardam berip, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da ýokary galdyrmaga gulluk edýändigini belleýär. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1999-njy ýylyň 6-njy oktýabrynda kabul eden kararyna laýyklykda, her ýylyň 4-10-njy oktýabry aralygynda Bütindünýä kosmos hepdeligi hökmünde dünýä giňişliginde bellenip geçilýär. Munuň özi kosmosyň adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyna giňden ornaşandygyny görkezýär. Bu işleriň düýp özeni adamlaryň ýaşaýşyny özgertmek, Ýer giňişliginde dürli işleri ýeňilleşdirmek ýaly derwaýyslyklara niýetlenendir.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzyň Ýewraziýa giňişliginde we bütin dünýäde hyzmatdaşlyk, ynsanperwerlik, parahatçylyk, dostluk we agzybirlik köprülerini gurup, häzirki zaman hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Orazgül MELÄÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
uly mugallymy.