Bri­ta­ni­ýa­ly ze­nan şahyr, ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen ki­tap­la­ryň aw­to­ry He­len Dan­mor (1952-2017) ara­dan çy­kan­dan soň, “Kos­ta” baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Ede­bi­ýat baý­ra­gy “Kos­ta” ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da­ky iň go­wy şa­hy­ra­na ýa-da ede­bi ese­r üçin be­ril­di. Ze­nan şahyr öm­rü­niň ahy­ryn­da ýa­zan “Tolkunlaryň içinde” (In­si­de the Wave) at­ly şa­hy­ra­na ýy­gyn­dy­sy üçin bu baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. Şeý­le hem Ýon Mak­go­ger “Iň go­wy ro­man”, Geýl Ha­ni­man “iň go­wy bi­rin­ji ro­man”, Re­bek­ka Skot “Iň go­wy ter­ji­me­hal ese­ri”, Ket­rin Ran­dell “Ça­ga­lar ede­bi­ýa­ty” ýa­ly ugur­larda bu baý­ra­ga my­na­syp bol­du­lar.
“Kos­ta” Beýik Britaniýanyň we Irlandiýanyň ab­raý­ly ede­bi­ýat baý­rak­la­ry­nyň bi­ri bolup, diňe bu ýurtlaryň ýa­zy­jy-şahyrlary baýrak ugrunda bäs­le­şip bil­ýär­ler. Ol Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň ki­tap söw­da­gär­le­ri ta­ra­pyn­dan gowşurylýar. “Kos­ta” baý­ra­gy 45 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ra ede­bi­ýat­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri üçin berilýär.