“Micro­soft” kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Bill Geýts özü­niň in­ter­net blo­gyn­da 2017-nji ýy­lyň iň oňat 5 ki­ta­by ba­ra­da bel­läp geç­ýär. Geýts ozal­ky­sy ýa­ly köp oka­ýan­dy­gy­ny, ki­ta­byň adam­zat jem­gy­ýe­ti­ni gy­zyk­lan­dyr­ýan bi­lim­le­ri öw­ren­mek üçin iň oňat çeş­me­di­gi­ni bel­läp geç­ýär.

1Geýts özü­niň sa­na­wyn­da, il­ki bi­len, ame­ri­kan ýa­zy­jy ze­na­ny Buý Thi­niň “Bi­ziň ba­şar­jak iň go­wy za­dy­myz” (The Best We Could Do) at­ly ki­ta­by­ny ýat­lap geç­ýär. Ýa­zy­jy öz maş­ga­la­sy­nyň Gü­nor­ta Wýet­nam­da ra­ýat­lyk ur­şy döw­rün­de nä­hi­li kyn­çy­lyk­la­ra se­ze­war bo­lan­ly­gy dog­ru­syn­da gür­rüň ber­ýär. “Bu örän çuň­ňur şah­sy ýat­la­ma. Ki­tap ene-ata we bos­gun bol­ma­gyň nä­me­di­gi­ni aý­dyň­laş­dyr­ýar” di­ýip, Geýts ýaz­ýar.
2Ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy Mett­ýu Des­mon­dyň “Gö­çüp ge­len adam” (Evicted: Pover­ty and Pro­fit in the Ame­rican City) at­ly ki­ta­byn­da mä­täç­lik se­bäp­li dur­muş­da dö­re­ýän kyn­çy­lyk­lar hak­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň be­ril­ýär. “Ki­tap ýok­sul­ly­gyň nä­me­di­gi­ne anyk dü­şün­mä­ge ýar­dam ber­ýär” di­ýip, Geýts bel­le­ýär.
3Bri­tan ýa­zy­jy­sy Ed­di Iz­zar­dyň “Ma­ňa ynan: söý­gi, ölüm we jaz mä­ki­ýan­la­ry hak­da ýat­la­ma­lar” (Be­lieve Me: A Me­mo­ir of Love, Death and Jazz Chickens) at­ly ki­ta­byn­da öz ça­ga­lyk ýyl­la­ry, nä­dip dün­ýä bel­li ko­miks­çi we ýa­zy­jy bol­şy hak­da gür­rüň ber­ýär. “Bu ki­ta­byň kö­püň göw­nün­den tur­jak­dy­gy­na do­ly ynan­ýa­ryn” di­ýip, Geýts aýd­ýar.
4Ge­lip çy­ky­şy bo­ýun­ça wýet­nam­ly ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy Wýet Tan Hrye­niň “Duý­gu­daş” (Sym­pat­hi­zer) at­ly ese­ri ge­çen ýyl “Pu­lit­ser” baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Eser­de De­mir­ga­zyk Wýet­nam­dan ABŞ-a gö­çüp ba­ran düş­nük­siz adam hak­da gür­rüň be­ril­ýär. “Wýet­nam wa­ka­la­ry­na de­giş­li köp film­ler­de ame­ri­kan nuk­daý­na­za­ry be­ýan edil­ýär. Ýö­ne aw­tor öz ki­ta­byn­da wa­ka­la­ry wýet­nam­ly bi­ri­niň gö­zi bi­len gör­me­gi tek­lip ed­ýär” di­ýip, Geýts ýaz­ýar.
5Ka­na­da­ly ýa­zy­jy Was­law Smi­liň “Ener­gi­ýa we si­wi­li­za­si­ýa: ta­ryh” (Ener­gy and Civili­za­ti­on: A His­to­ry­at­ly) ki­ta­by Geýt­siň sa­na­wy­nyň soň­ky or­nu­ny eýe­le­ýär. Aw­tor asyr­la­ryň do­wa­myn­da ener­gi­ýa­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­niň adam­zat jem­gy­ýe­ti­ni ke­ma­la ge­ti­ri­şi ba­ra­da gür­rüň ber­ýär. “Ýe­ňil bol­ma­dyk bu ki­tap yn­san aky­ly­ny go­ýald­ýar” di­ýip, Bill Geýts sö­zü­ni soň­la­ýar.

Azatmyrat Babaýew,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky
TO­HU-nyň ta­ly­by.