Gollandiýanyň Utreht uniwersitetiniň alymlary Germaniýanyň Gannower şäherinden getirilen daşlardan millionlarça ýyllyk kebelek galyndylaryny tapdylar. Olaryň käbirleriniň häzirki wagtda hem bar bolan görnüşlerdigi mälim edildi. Ylmy barlag toparynyň agzasy Bas fan de Şutbrug bu açyşyň ewolýusiýa baradaky şübheleri has hem artdyrandygyny, güller bilen bir wagtda ewolýusiýa geçirendigi çaklanylýan jandaryň aslynda, has irki döwürlerden bäri ýaşaýandygynyň anyklanandygyny belledi. Bu baradaky makala “Science Advances” žurnalynda çap edildi.