Futbolyň şasy hasaplanýan braziliýaly Pele Rio de Žaneýroda geçirilen çärede žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. 77 ýaşly Pele soňky ýyllarda futbolda ýyldyz oýunçy gytçylygy bar diýdi. Ol: – Häzirki wagtda ýyldyz futbolçylaryň sany juda az. Öňki döwürlerde beýle däldi. Birnäçe oýunçynyň adyny sanap bilerin. Eýsebio, Kroýff, Bekkenbauer, Bobbi Mur, men, Ziko, Sokrates… Garaz her toparda 3–4 sany ýyldyz bardy. Häzir welin, diňe 3 sanyjak futbolçynyň ady agzalýar – Messi, Ronaldo we Neýmar. 5 futbolçy sana diýsem, sanamak size kyn düşer. Bu ýagdaýam futbolyň geljegi babatda uly mesele bolup durýar — diýdi. Pele özi bilen baglanyşykly bir sowala-da: – Bu soraga çynym bilen jogap bermegimi isleýärsiňizmi? Gazanan başarnyklarymy, geçiren gollarymy, oýnan oýunlarymy, asmana göteren Dünýä çempionaty kuboklarymy sanap bilerin. Ýöne şu bir hakykat. Mundan soň, futbolda täze Pele bolmaz — diýip, jogap berdi. Garaz, Pele özüniň ornuny hiç bir futbolçynyň alyp bilmejekdigini beýan etdi. Pele şu ýylky Dünýä çempionatynda-da Braziliýanyň tälimçisi Titä uly ynam bildirýändigini hem aýtdy.