Möw­sü­me şow­ly baş­lap, hä­zir­ki wagt­da çem­pi­on­lyk­dan ep-es­li daş­la­şan “Bo­rus­si­ýa Dort­mund” Şweý­sa­ri­ýa­nyň “Ba­zel” klu­bun­dan 22 ýaş­ly go­rag­çy Ma­nu­el Akan­ži­ni trans­fer et­di. Dort­mund­ly­lar bu trans­fer üçin 22,5 mil­li­on ýew­ro­ny “Ba­ze­le” be­rer. Şweý­sa­ri­ýa­ly go­rag­çy tä­ze to­pa­ry bi­len 4,5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. “Ba­zel” Akan­ži­ni 2016-njy ýy­lyň tom­sun­da “Win­ter­tur­dan” 700 müň ýew­ro ba­ha trans­fer edip­di.

Ita­li­ýa­nyň “In­ter” to­pa­ry Por­tu­ga­li­ýa­nyň “Ben­fi­ka­syn­dan” ar­gen­ti­na­ly go­rag­çy Li­sand­ro Lo­pe­si möw­sü­miň ahy­ry­na çen­li kä­ren­de­si­ne al­dy. 28 ýaş­ly oýun­çy­ny ital­ýan to­pa­ry tä­ze möw­süm­den baş­lap, is­le­se öz dü­zü­mi­ne-de ge­çirp bi­ler. Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­syn­da 4 du­şu­şyk ge­çi­ren Lo­pes “Ça­ka­ri­ta Ju­niors”, “Ar­se­nal de Sa­ran­di” hem-de “He­ta­fe” klub­la­ryn­da oý­na­dy.

“Ar­se­na­lyň” fran­si­ýa­ly go­rag­çy­sy Fran­sis Kok­lin Is­pa­ni­ýa­nyň “Wa­len­si­ýa” to­pa­ry­na trans­fer bol­dy. Is­pan to­pa­ry bu trans­fer üçin 12 mil­li­on funt ster­lin­gi “Ar­se­nal” to­pa­ry­na be­rer. 26 ýa­şyn­da­ky oýun­çy 2008-nji ýyl­da “Ar­se­nal­da” fut­bo­la baş­lap­dy. Ol şu möw­süm­de “Ar­se­nal” bi­len 7 du­şu­şyk­da meý­dan­ça çyk­dy.

“Ewer­ton” to­pa­ry Jenk To­sun­dan soň, ýe­ne bir hü­jüm­çi­ni, has ta­ky­gy, “Ar­se­nal­dan” Teo Wal­kot­ty dü­zü­mi­ne goş­dy. Olar 28 ýaş­ly iň­lis oýun­çy­sy bi­len 3,5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Oýun­çy­nyň trans­fer ba­ha­sy-da 20 mil­li­on funt ster­ling diý­lip kes­git­le­nil­di. 12 ýyl­dan bä­ri “Ar­se­nal­da” çy­kyş edip gel­ýän Wal­kott ag­la­ba äti­ýaç­da otur­ýar­dy. Wal­kott “Ar­se­nal­da” 397 oýun­da 108 gol ge­çir­di.

Fran­si­ýa­ly ýa­rym­go­rag­çy Ýann M’Wi­la “Ru­bin­den” öz ýur­du­nyň “Sent Etien” to­pa­ry­na trans­fer bol­dy. M’Wi­la­nyň “Ru­bin” bi­len 2020-nji ýy­la çen­li şert­na­ma­sy bar­dy. Şeý­le-de “Ru­bi­niň” da­ni­ýa­ly go­rag­çy­sy Mo­ris Bauer Ang­li­ýa­nyň “Stok Si­ti” to­pa­ry bi­len 4,5 ýyl­lyk yla­la­şy­ga gol çe­kiş­di. Ol 2 möw­süm­läp “Ru­bin­de” oý­nap­dy.