Is­pa­ni­ýa­nyň Şa Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da çär­ýek fi­na­lyň 1-nji du­şu­şyk­la­ry oý­nal­dy. Ku­bo­gyň hä­zir­ki eýe­si “Bar­se­lo­na” to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da şä­he­riň beý­le­ki klu­byy “Es­pan­ýol­dan” 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňil­di. Şeý­le­lik­de, äh­li res­mi ýa­ryş­la­ry ha­sa­ba ala­nyň­da, 29 oýun­dan soň, il­kin­ji ge­zek utu­lan “Bar­se­lo­na­nyň” to­run­dan ýe­ke-täk go­ly 88-nji mi­nut­da Me­len­do girz­di. Şeý­le-de “Se­wil­ýa” myh­man­çy­lyk­da “At­le­ti­ko­ny”, “Wa­len­si­ýa” bol­sa öz meý­dan­ça­syn­da “Ala­we­si” 2–1 ha­sa­byn­da ut­dy. “Re­al” myh­man­çy­lyk­da “Le­ga­ne­si”  Asensionyň 89-njy minutda geçiren goly bilen 1–0 hasabynda ýeňýär. Jo­gap du­şu­şyk­la­ry indiki hepdede  oý­na­lar.