Ýur­du­my­zyň wi­se-çem­pio­ny hem-de Ku­bo­gyň eýe­si “Ahal” to­pa­ry AFK Ku­bo­gy ýa­ry­şy­na ýe­ňiş bi­len baş­la­dy. Il­deş­le­ri­miz bu ýa­ry­şyň des­lap­ky saý­la­ma tap­gy­ryn­da myh­man­çy­lyk­da Gyr­gy­zys­ta­nyň “Dor­doý” to­pa­ry bi­len du­şuş­dy. Biş­kek­de oý­na­lan oý­na türk­men fut­bol­çy­la­ry tu­ruw­baş­dan er­jel­lik bi­len baş­lap, eý­ýäm il­kin­ji mi­nut­da ha­sa­by aç­dy.
Bi­rin­ji hü­jüm­de ge­çi­ri­len bu go­ly tä­ze­lik­de “Ahal” to­pa­ry­nyň dü­zü­mi­ne go­şu­lan Sü­leý­man Mu­ha­dow der­we­zä gi­riz­di. Oý­nuň 19-njy mi­nu­tyn­da ýer eýe­le­ri ha­sa­by deň­ledi. Ol go­ly Jyr­gal­bek uulu Kaý­rat öz ady­na ýaz­dyr­dy. Du­şu­şy­gyň bi­rin­ji ýa­ry­my şol ha­sap bi­le­nem ta­mam­lan­dy. 2-nji ýa­rym­da-da to­par­lar birnäçe gar­şy­lyk­la­ýyn hü­jüm­ler ge­çir­di. Aý­ra­ty­nam 2-nji ýa­ry­myň baş­la­ryn­da ýer eýe­le­ri örän amat­ly pur­sat­lar­dan ýer­lik­li peý­da­la­nyp bil­me­di. Şol pur­sat­lar­da “Aha­lyň” der­we­ze­çi­si Ba­ba­ýew hem-de sü­tün ýer eýe­le­ri­niň 2-nji go­ly ge­çir­mek­le­ri­ne yg­ty­ýar ber­me­di. Soň­ky 15 mi­nut­da oý­nuň dep­gi­ni­ni has-da güýç­len­di­ren il­deş­le­ri­miz 2 gol ge­çi­rip, myh­man­çy­lyk­da gar­şy­da­şy­ny 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war etmegi başardy. Türk­men to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren şol pök­gü­le­riň iki­si­ni hem 75-nji we 86-njy mi­nut­lar­da My­rat An­na­ýew to­ra gi­riz­di. Şeý­le­lik­de, bu ýe­ňiş “Ahal” to­pa­ry­na pleý-off tap­gy­ry­na gat­naş­mak üçin uly müm­kin­çi­lik be­rer. Bu du­şu­şy­gyň jo­gap oý­ny 30-njy ýan­war­da Bal­ka­na­bat şä­he­rin­dä­ki “Sport top­lu­my” sta­dio­nyn­da oý­na­lar. “Ahal” ýa­ry­şy do­wam et­di­ren ýag­da­ýyn­da-da, pleý-off tap­gy­ryn­da 13-nji we 20-nji few­ral­da Tä­ji­gis­ta­nyň “Hu­jand” klu­by bi­len du­şu­şar.