Dün­ýä­niň iň kyn­çy­lyk­ly bäs­le­şik­le­ri­niň bi­ri bo­lan Da­kar Ral­li­si ta­mam­lan­dy. Iki hep­de­läp do­wam eden 40-njy Da­kar Ral­li­sin­de sü­rü­ji­ler umu­my­lyk­da 9 müň ki­lo­met­re go­laý ýol geç­di­ler. Je­mi 335 sü­rü­ji ýa­ry­şa gatnaşan bolsa, ola­ryň 184-si pellehana gelip ýetdi. 14 tap­gy­ryň bi­ri güýç­li ýa­gyş se­bäp­li ge­çi­ril­me­di.

BU GEZEK SAÝNS ÝEŇIJI BOLDY
Ýe­ňil aw­tou­lag sü­rü­ji­le­ri­niň ara­syn­da “Peu­ge­ot” to­pa­ryn­dan is­pa­ni­ýa­ly Kar­los Saýns ýe­ňi­ji bol­dy. 6–7-nji tap­gyr­lar­da ýe­ňiş ga­za­nan 55 ýaş­ly pi­lot 7-nji tap­gyr­dan soň, umu­my sa­naw­da 1-nji or­na geç­di. Ol şon­dan soň, or­nu­ny sak­lap, kar­ýe­ra­syn­da 2-nji ge­zek Da­kar Ral­li­si­niň çem­pio­ny bol­ma­gy ba­şar­dy. 2010-njy ýyl­da-da “Volks­wa­gen” bi­len ýe­ňiş ga­za­nan Kar­los Saýns bu ýyl­ky bäs­le­şi­gi 49 sa­gat 16 mi­nut 18 se­kunt­da ta­mam­la­dy. Şeý­le-de “Peu­ge­ot” to­pa­ry bas­syr 3-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. 40-njy Da­kar Ral­li­sin­de 2-nji ýe­ri “Toyo­ta” to­pa­ry­nyň we­ki­li, 2011-nji we 2015-nji ýyl­la­ryň çem­pio­ny, ka­tar­ly Nas­ser Al-At­ti­ýa eýe­le­di. 4 tap­gyr­da ýe­ňi­ji bo­lan At­ti­ýa çem­pi­on Saýns­dan 43 mi­nut 40 se­kunt yza gal­dy. Hor­mat mün­be­ri­niň üçün­ji bas­gan­ça­gy­na bol­sa, “Toyo­ta” to­pa­ry­nyň baş­ga bir sü­rü­ji­si, 2009-njy ýy­lyň çem­pio­ny Gü­nor­ta af­ri­ka­ly Ži­ni­el de Wil­ýers çyk­dy. Soň­ky 2 ýy­lyň, umu­my­lyk­da 7 ge­zek ýe­ňil ulag­lar­da, 6 sa­pa­ram mo­to­sikl­ler­de çem­pi­on­lyk ga­zanan fran­si­ýa­ly Ste­fan Pe­te­ran­sel bu ýa­ryş­da 4-nji ýer bi­len ka­na­gat­lan­ma­ly bol­dy.
SOŇKY TAPGYRLARDA ÖŇE SAÝLANDY
Mo­to­sikl­çi­le­riň ara­syn­da awst­ri­ýaly Mat­ti­ýas Wolk­ner il­kin­ji ge­zek çem­pi­on adyny eýe­le­di. “Red Bull KTM” to­pa­ry­nyň adyn­dan we­kil­çi­lik eden 31 ýa­şyn­da­ky sü­rü­ji pel­le­ha­na­dan 43 sa­gat 06 mi­nut 01 se­kunt­da geç­di. Di­ňe bir tap­gyr­da ýe­ňiş ga­za­nan Wolk­ne­riň 10-njy tap­gyr­dan soň, 1-nji or­na ge­çen­di­gi­ni-de ýat­la­da­lyň. On­dan 16 mi­nut 53 se­kunt yza ga­lan ar­gen­ti­na­ly Ke­win Be­na­wi­des (“Hon­da”) 2-nji, 2015-nji ýy­lyň çem­pio­ny, awst­ra­li­ýa­ly To­bi Praýs (“Red Bull KTM”) 3-nji ýe­ri eýe­le­di.
Kwad­ra­sikl­le­re erk ed­ýän­le­riň ha­ta­ryn­da “Ya­ma­ha” to­pa­ry­nyň çi­li­li pi­lo­ty Ig­na­sio Ka­sa­le 4 ýyl­dan soň, 2-nji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. 2014-nji ýyl­da-da Da­kar Ral­li­si­ni ýe­ňiş bi­len ta­mam­lan Ka­sa­le­niň bu ýa­ryş­da gör­ke­zen ne­ti­je­si 53 sa­gat 47 mi­nut 04 se­kun­da deň bol­dy. Baş­da­na­ýak bi­rin­ji­li­gi özün­de sa­k­lan Ka­sa­le je­mi 5 tap­gyr­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Ýe­ňi­ji­niň ar­gen­ti­na­ly to­par­daş­la­ry Ni­ko­las Ka­wig­li­as­so bi­len Je­re­mi­as Gon­za­les 2–3-nji ýer­le­ri paý­laş­dy­lar.
Öz­bo­luş­ly UTV ulag­la­ry­nyň sü­rü­ji­le­ri­niň ara­syn­da ýe­ne-de bra­zi­li­ýa­ly Rei­nal­do Wa­re­la bi­len Gus­ta­wo Gu­gel­min iki­si ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu ulag­lar­da ýa­ryş 2-nji ge­zek ge­çi­ri­lip, ge­çen ýy­lam bra­zi­li­ýa­ly sü­rü­ji­ler çem­pi­on bo­lup­dy.

ÝENE-DE “KAMAZ”
Ýük ulag­la­ry­nyň ara­syn­da çem­pi­on bu ýy­lam üýt­ge­me­di. “Ka­maz” to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­le­ri soň­ky 10 ýyl­da 8-nji, umu­my­lyk­da-da 15-nji ýo­la Da­kar Ral­li­si­niň ýe­ňi­jisi bol­dy. Eduard Ni­ko­la­ýew we ýol­daş­la­ry bas­syr 2-nji, umu­my­lyk­da-da 3-nji sa­par bu bäs­le­şik­de ýe­ňiş ga­zan­dy. 54 sa­gat 57 mi­nut 37 se­kunt­da pel­le­ha­na ge­len rus­si­ýa­ly sü­rü­ji 2-nji tap­gyr­dan baş­lap, umu­my sa­naw­da öňe saý­lan­dy. Je­mi 3 tap­gyr­da ýe­ňiş ga­za­nan Ni­ko­la­ýew 11-nji tap­gyr­da or­nu­ny ar­gen­ti­na­ly Fe­de­ri­ko Wil­ýag­ra al­dyr­sa-da, 12-nji tap­gyr­da ýe­ne-de 1-nji ýere geç­me­gi ba­şar­dy. “Iveco” to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­si Wil­ýag­ra bol­sa, düz­gü­ni bo­zan­dy­gy üçin ýa­ryş­dan çy­ka­ryldy. Ýük ulag­la­rynyň ara­syn­da ýe­ňi­ji­den 4 sa­ga­da go­laý wagt­lap, pes ne­ti­je gör­ke­zen MAZ to­pa­ryn­dan be­la­rus­ly Ser­geý Wia­zo­wiç 2-nji ýe­ri eýe­le­di. 3-nji or­na-da “Ka­maz­dan” 2015-nji ýy­lyň çem­pio­ny Aý­rat Mar­di­ýew my­na­syp bol­dy.