Ýew­ro­pa fut­bo­ly­nyň ýol­baş­çy­la­ry 2013-nji ýylda mil­li ýy­gyn­dy­la­ryň ara­syn­da tä­ze bäs­le­şik dö­ret­mek ba­ra­da ka­rar ka­bul edip­di­ler. UEFA Mil­let­ler li­ga­sy diý­len bu bäs­le­şik mil­li ýy­gyn­dy­la­ryň ara­syn­da­ky oýun­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni art­dyr­mak, ola­ra has köp jan­kö­ýer çek­mek, şeý­le-de ýol­daş­lyk du­şu­şyk­la­ry­nyň sa­ny­ny azalt­mak hem-de to­par­la­ryň özlerine deň garşydaşlar bilen köp­räk du­şu­şyk ge­çir­mek mak­sat­ly dö­re­di­lip­di. Ine, hep­dä­niň çar­şen­be gü­ni hem şol Mil­let­ler li­ga­sy­nyň bi­je çe­ki­liş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. UEFA-nyň ag­za­sy bo­lan 55 ýy­gyn­dy­nyň ara­syn­da­ky bu ýa­ryş 2018/2019 fut­bol möw­sü­min­de gu­ra­lar. 4 li­ga­dan yba­rat bo­lan ýa­ryş­da mil­li to­par­lar reý­ting­dä­ki orun­la­ry­na gö­rä, “A”, “B”, “C” hem-de “D” li­ga­la­r­da çy­kyş eder­ler. Her li­ga­da-da 4 to­par­ça bo­lup, “A”, “B” li­ga­la­ryň hem-de “C” li­ga­nyň 1 to­pa­r­ça­syn­da 3 ýy­gyn­dy öza­ra güýç sy­na­ny­şar. “C” li­ga­nyň 3 hem-de “D” li­ga­nyň­ äh­li to­par­ça­syn­da-da 4 mil­li to­par bäs­le­şer. Her to­par bir-bi­ri bi­len öz meý­dan­ça­syn­da hem-de myh­man­çy­lyk­da öza­ra du­şu­şyk ge­çi­rer. To­par­çalar­da­ky du­şu­şyk­lar şu ýy­lyň güý­zün­de oý­na­lar. Has ta­ky­gy, 1-nji tap­gyr 6–8-nji sent­ýabr­da, 2-nji tap­gyr 9–11-nji sent­ýabr­da, 3-nji tap­gyr 11–13-nji okt­ýabrda, 4-nji tap­gyr 14–16-njy okt­ýabrda, 5-nji tap­gyr 15–17 no­ýabrda hem-de 6-njy tap­gyr 18–20-nji no­ýabr­da ge­çi­ri­ler.
“A” li­ga­syn­da her to­par­ça­nyň ýe­ňi­ji­si ýa­rym fi­na­la, ol ýer­de-de ýe­ňiş ga­za­nan 2 to­par fi­na­la çy­kar. Ýa­rym fi­nal we fi­nal du­şu­şyk­la­ry 2019-njy ýy­lyň 5–9-njy iýu­ny ara­ly­gyn­da öňü­miz­dä­ki gün­ler­de mä­lim edil­jek sta­di­on­lar­da oý­na­lar. Şeý­le­lik­de, tä­ze li­ga­nyň il­kin­ji çem­pio­ny bel­li bo­lar. “A” li­ga­syn­da her to­par­ça­da soň­ky or­ny eýe­län to­par­lar “B” li­ga­sy­na dü­şü­ri­ler. Edil şo­nuň ýa­ly-da “B” we “C” li­ga­lar­yň to­par­ça­la­ryn­da soň­ky ýe­ri eýe­län­ler bir bas­gan­çak aşaky li­ga dü­şer. Ga­ly­ber­se-de, “B”, “C” we “D” li­ga­la­rynyň to­par­ça­lar­ynda 1-nji or­ny alan ýy­gyn­dy­lar bir bas­gan­çak ýo­ka­ry li­ga beý­ge­ler. Şeý­le-de äh­li to­par­ça­lar­da EURO–2020-ä ýol­lan­ma alyp bil­me­dik to­par­la­ryň iň köp utuk ga­za­nan 4-si pleý-off tap­gy­ry­na gat­na­şar. Olar­da­nam bi­ri yk­ly­myň iň uly bäs­le­şi­gin­de çy­kyş et­mä­ge yg­ty­ýar alar. Şunlukda, Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­na saý­la­ma tap­gy­ryn­da gat­naş­ma­k hukugyny ga­za­nyp bil­me­dik ýy­gyn­dy­la­ra goş­ma­ça müm­kin­çi­lik bolar.