Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da “Ba­wa­ri­ýa” öz meý­dan­ça­syn­da “Wer­de­ri” Mül­ler we Le­wan­dows­ki­niň her­si­niň 2 go­ly bi­len 4–2 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Mün­hen­li­le­riň ez­ber hü­jüm­çi­si To­mas Mül­le­riň “Bun­des­li­ga­da­ky” gol­la­ry­nyň sa­ny 100-e ýet­di (272 oýun­da).
Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri “Bar­se­lo­na” myh­man­çy­lyk­da “Be­tis­den” 5–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Ka­ta­lon­la­ryň gol­la­ry­ny Ra­ki­tiç (59), Mes­si (64, 80) hem-de Lu­is Sua­res (69, 89) ge­çir­di. Soň­ky tap­gyr­lar­da şow­suz ne­ti­je­ler al­ýan “Re­al Mad­rid” öz meý­dan­ça­syn­da “De­por­ti­wo­ny” 7–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Oýun­da ýe­ňiş ga­za­nan to­pa­ryň adyn­dan Na­ço, Beýl hem-de Ro­nal­donyň hersi 2 ge­zek­ ta­pa­wut­lan­dy.
Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da “Man­çes­ter Si­ti” Ague­ro­nyň het-tri­gi bi­len “Nýu­kasl” to­pa­ry­ny 3–1 ha­sa­byn­da ut­dy. Lon­do­nyň to­par­la­ry “Çel­si­dir” “Ar­se­nal” öz gar­şy­daş­la­ryn­dan 4 gol­ly ýe­ňiş­ler bi­len üs­tün çyk­dy. “Li­wer­pul” aut­saý­der “Swan­si­den” 1–0 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. “Bern­li”–“Man­çes­ter Ýu­naý­ted” du­şu­şy­gyn­da myh­man­la­ra Mar­sia­lyň ýe­ke-täk go­ly 3 utuk üçin ýe­ter­lik bol­dy.
Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da hem “Na­po­li”, he­mem “Ýu­wen­tus” öz gar­şy­daş­la­ry­ny 1–0 ha­sa­byn­da ut­dy. “La­sio” ge­çen tap­gyr­da bol­şy ýa­ly, bu tap­gyr­da-da 3 utu­gy 5 gol­ly ýe­ňiş bi­len ga­zan­dy. “Samp­do­ria” “Fio­ren­ti­na­ny” tej­ri­be­li hü­jüm­çi­si Fa­bio Kua­lia­rel­la­nyň het-tri­gi bi­len 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di.
Fran­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri PSŽ myh­man­çy­lyk­da “Li­on­dan” 2–1 ha­sa­byn­da utul­dy. Ýer eýe­le­ri­ne ýe­ňiş ge­ti­ren go­ly 90+4-nji mi­nut­da Mem­fis De­paý to­ra gi­riz­di. Şeý­le­lik­de, ara­tap­wut 8 utu­ga düş­di.