Möwsümiň ilkinji “Uly tuwulga” tennis ýaryşy “Awstraliýa Açykda” erkekleriň arasyndaky finalda häzirki zaman tennisiniň ägirdi şweýsariýaly Rojer Federer bilen horwatiýaly Marin Çiliç duşuşar. 2-nji belgili Federer ýarym finalda Günorta koreýaly 21 ýaşyndaky Çon Hýondan üstün çykdy. 1-nji setde 6:1 ýeňiş gazanan Federer 2-nji setde-de 5:2 öňe saýlandy. Ýöne Çon Hýon şikesi sebäpli duşuşygy dowam etdirip bilmedi. Şeýlelikde, geçen ýylyň çempiony Federer “Awstraliýa Açykda” 7-nji, umumylykda-da “Uly tuwulgalarda” 30-njy gezek finala çykdy. 19 “Uly tuwulganyň” eýesi, 36 ýaşly Federer bu ýerdäki mundan öňki 6 finalyň 5-sinde çempion bolupdy. Onuň garşydaşy 29 ýaşly Marin Çiliç bolup, ol ýarym finalda britaniýaly Kaýl Edmundy 6:2, 7:6, 6:2 hasaplar bilen utdy. 1 “Uly tuwulganyň” eýesi Çiliç geçen ýyl “Wimbledonyň” finalynda Federerden asgyn gelipdi. Çiliç bu ýerde ilkinji, “Uly tuwulgalarda-da” 3-nji gezek finalda oýnar.
Çärýek final: Rafael Nadal – Marin Çiliç – 6:3, 3:6, 7:6, 2:6, 0:2; Grigor Dimitrow – Kaýl Edmund – 4:6, 6:3, 3:6, 4:6; Tennis Sandgren – Çon Hýon – 4:6, 6:7, 3:6; Tomas Berdyh – Rojer Federer – 6:7, 3:6, 4:6;
Ýarym final: M. Çiliç – K. Edmund – 6:2, 7:6, 6:2; Ç. Hýon – R. Federer – 1:6, 2:5.