“Awstraliýa Açykda” zenanlaryň arasyndaky finalda sanawyň 1-nji we 2-nji belgili tennisçileri – rumyniýaly Simona Halep bilen daniýaly Karolina Wozniaski özara güýç synanyşar. Simona Halep ýarym finalda 2016-njy ýylyň çempiony, germaniýaly Anjelika Kerberi 2 sagat 20 minutlap dowam eden oýunda 6:3 we 6:4 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Wozniaski bolsa, garaşylmadyk ýagdaýda çärýek finalda ukrainaly Elina Switolinadan üstün çykan belgiýaly Elize Mertensi 6:3 we 7:6 hasaplary bilen utdy. Halep bilen Wozniaski “Awstraliýa Açykda” ilkinji gezek finala çykyp, 2 tennisçiniň-de karýeralarynda häzire çenli “Uly tuwulga” kubogy ýok. 26 ýaşly Halep mundan öň, 2014-nji we 2017-nji ýyllarda “Rolan Garrosyň” finalynda oýnapdy. 27 ýaşly Wozniaski 2009-njy hem-de 2014-nji ýyllarda “Amerika Açykda” 2-nji ýeri eýeläpdi. Başgaça aýdylanda, olaryň ikisinden biri ilkinji “Uly tuwulga” kubogyny asmana göterer. Olar şu duşuşyga çenli “Uly tuwulgalarda” ýeke gezegem gabatlaşmandy. Ikisi özara 6 duşuşyk geçirip, şolaryň 4-sinde daniýaly tennisçi ýeňiş gazanypdy.
Çärýek final: Simona Halep – Karolina Plişkowa – 6:3,6:3; Anjelika Kerber – Madison Kiýz – 6:1, 6:2; Elize Mertens – Elina Switolina – 6:4, 6:0; K. Suares Nawarro – Karolina Wozniaski – 0:6, 7:6, 2:6;
Ýarym final: S.Halep – A. Kerber – 6:3, 4:6, 9:7; E. Mertens – K. Wozniaski – 3:6, 6:7.