Rus­si­ýa­nyň paý­tag­ty Mosk­wa­da fi­gu­ra­la­ýyn typ­mak bo­ýun­ça Ýew­ro­pa­nyň çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Er­kek­le­riň ara­syn­da soň­ky 5 ýyl­da bol­şy ýa­ly, bu ge­ze­gem çem­pi­on üýt­ge­me­di. Is­pa­ni­ýa­ly 26 ýa­şyn­da­ky Ha­wi­er Fer­nan­des yz­ly-yzy­na 6-njy ýo­la Ýew­ro­pa­nyň çem­pio­ny bol­dy. 2–3-nji orunlary ýer eýe­le­rin­den Dmit­riý Ali­ýew bi­len Mi­ha­il Kol­ýa­da paý­laş­dy. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ çem­pi­on­ly­gy bu ýy­lam rus­si­ýa­ly tür­genler ga­zan­dy. Has ta­ky­gy, 15 ýaş­ly Ali­na Za­gi­to­wa Ýew­ro­pa­nyň çem­pio­ny bol­dy. Mun­dan öň­ki 2 ýy­lyň çem­pio­ny, 18 ýaş­ly Ýew­ge­ni­ýa Med­we­de­wa kü­müş me­da­ly eýe­le­di. 5 ge­zek Ýew­ro­pa­nyň çem­pio­ny, ita­li­ýa­ly Ka­ro­li­na Kost­ner bol­sa, bas­syr 2-nji, umu­my­lyk­da-da 4-nji ge­zek bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Jü­büt­le­ýin bäs­le­şik­de 3 me­da­ly-da rus­si­ýa­ly tür­gen­ler öza­ra paý­la­şyp, al­tyn me­da­ly yz­ly-yzy­na 2-nji ge­zek Ýew­ge­ni­ýa Ta­ra­so­wa–Wla­di­mir Mo­ro­zow ikisi ga­zan­dy. Şeý­le-de buz­da tans etmek ýa­ry­şyn­da fran­si­ýa­ly Gab­rie­la Pa­pa­da­kis bi­len Gi­ýom Si­ze­ron iki­si ýe­ňi­ji bol­dy. Mün­be­riň 2–3-nji bas­gan­ça­gy­na-da rus­si­ýa­ly tür­gen­ler çyk­dy. Çem­pio­nat in­di­ki ýyl Minsk­de ge­çi­ri­ler.