Ame­ri­kan fut­bo­ly li­ga­sy NFL-de fi­na­la çy­kan to­par­lar bel­li bol­dy. Şeý­le­lik­de, 52-nji “Su­per Bowl” fi­nal du­şu­şy­gyn­da “Fi­la­del­fi­ýa Iglz” bi­len soň­ky çem­pi­on “Nýu Ing­land Pat­riots” du­şu­şar­. 2004-nji ýyl­dan soň, il­kin­ji ge­zek fi­na­la çy­kan “Fi­la­del­fi­ýa Iglz” ýa­rym fi­nal­da ýa-da kon­fe­ren­si­ýanyň fi­na­lyn­da “Min­no­so­ta Wi­king­zi” 38–7 hasabynda ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Iň soň­ky sa­par 1960-njy ýyl­da çem­pi­on bo­lan “Fi­la­del­fi­ýa Iglz” 2004-nji ýyl­da­ky fi­nal­da-da “Nýu Ing­land Pat­riots” bi­len du­şu­şyp­dy we 24–21 ha­sa­byn­da ýeň­lip­di.
Soň­ky 4 ýyl­da 4-nji, umu­my­lyk­da-da 10-njy ge­zek “Su­per Bowl” fi­na­lyn­da oý­na­ma­ga hu­kuk ga­za­nan “Nýu Ing­land Pat­riots” to­pa­ry kon­fe­ren­si­ýa­nyň fi­na­lyn­da “Jek­son­will Ja­guars­dan” 24–20 hasabynda üs­tün çyk­dy. 5 çem­pi­on­ly­gy bo­lan “Nýu Ing­land Pis­tons” ge­çen ýyl­ky fi­nal­da “At­lan­ta Fal­kon­sy” 25 utuk­lyk ara­ta­pa­wut­dan soň, 34–28 ha­sa­byn­da ýe­ňip­di. 52-nji “Su­per Bowl” fi­nal du­şu­şy­gy 5-nji few­ral­da Min­no­so­ta şta­ty­nyň Min­nea­po­lis şä­he­rin­dä­ki “U.S. Bank Sta­di­um” are­na­syn­da oý­na­lar.