Amerikanyň milli basketbol ligasy NBA-da “San Antonio Spars” öz meýdançasynda wise-çempion “Kliwlend Kawaliersi” 114–102 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda “Kawaliersiň” 33 ýaşly super ýyldyzy LeBron Jeýms 28 utugy öz adyna ýazdyrdy. Ol bu duşuşykda gazanan utuklary bilen adaty möwsümiň hasabaty boýunça karýerasyndaky utuk sanyny 30 müň 21-e ýetirdi. Şeýlelikde, super ýyldyz 30 müň utuga ýeten iň ýaş basketbolçy boldy. Ondan öňki rekord Kobi Braýanta degişli bolup, NBA-nyň ägirdi, super ýyldyz 34 ýaşyndaka 30 müň utuk sepgidine ýetipdi. LeBron Jeýms adaty möwsümiň hasabaty boýunça 30 müňden köp utuk toplan 7-nji oýunçydyr. Ondan öň Karim Abduljabbar (38 müň 387 utuk), Karl Maloun (36 müň 928), Kobi Braýant (33 müň 643), Maýkl Jordan (32 müň 292), Wilt Çemberleýn (31 müň 419) hem-de Dirk Nowiski (30 müň 808) bu başarnygy görkezipdiler. Şeýle-de LeBron Jeýms karýerasy boýunça 30 müň utuk, 7 müň ribaund we 7 müň asistlik netije görkezen ilkinji basketbolçydyr.