Is­pa­ni­ýa­nyň Şa ku­bo­gyn­da çär­ýek fi­na­lyň jo­gap du­şu­şyk­la­ry oý­nal­dy. “Le­ga­ne­si” 1-nji du­şu­şyk­da Asen­sio­nyň soň­ky mi­nut­lar­da­ky ýe­ke-täk go­ly bi­len ýe­ňen “Re­al Mad­rid” öz meý­dan­ça­syn­da 2–1 ha­sa­byn­da utul­dy (Ben­ze­ma 47 — Era­so 31, Gab­ri­el 55). Şeý­le­lik­de, “Re­al Mad­rid” çär­ýek fi­nal­da ýa­ryş­dan çyk­dy. Öz meý­dan­ça­syn­da “Ala­we­si” 2–1 ýe­ňen “Wa­len­si­ýa” myh­man­çy­lyk­da şol ha­sap bi­le­nem gar­şy­da­şyn­dan as­gyn gel­di (Mu­nir 73, Sob­ri­no 86 — Mi­na 77). Pe­nal­ti­ler­de 3–2 öňe saý­la­nan “Wa­len­si­ýa” ýa­rym fi­nal­çy bol­ma­gy ba­şar­dy. “Se­wil­ýa” “At­le­ti­ko­ny” öz meý­dan­ça­syn­da-da 3–1 (Es­ku­de­ro 1, Ba­ne­ga 48 p, Sa­ra­bi­ýa 79 — Griz­mann 13) ýe­ňip, soň­ky dört­lü­ge dü­şen to­par­la­ryň bi­ri bol­dy. “Bar­se­lo­na” şä­he­ri­niň der­bi­sin­de ýer­li “Bar­se­lo­na” “Es­pan­ýo­ly” Luiz Suares (9) we Messiniň (25) gollary bilen 2–0 hasabynda utup, ýarym finala çykdy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 1-nji du­şu­şyk­da “Es­pan­ýol” 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Messiniň geçiren goly “Barselonanyň” “Kamp Noudaky” 4000-nji goly diýlip, hasaba alyndy.