Mobil enjamlary öndürýän öňdebaryjy kompaniýalaryň öz harytlarynyň görnüşlerini artdyrmagy, dürli bazarlar üçin ýörite enjamlary öndürmegi, beýleki şereketleriň hem paý almak babatdaky aladalary bu bazaryň doýgunlyga ýetmegine getirdi. Sebäbi häzirki wagtda islendik nyrhdan diýen ýaly smartfona eýe bolmak mümkin. Munuň aýdyň mysaly hökmünde bu ugurda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýan “Apple”-iň ösüş depgininiň birneme pese gaçmagyny görkezse bolar. Munuň öňüni almak üçin kompaniýalar has täze önümleri we beýleki hyzmatlary hödürleýärler. “Apple”-iň “iPhone” satuwyndan alýan girdejisi 13 ýyldan soňra ilkinji gezek azaldy. Amerikan kompaniýasynyň söwdasy 2016-njy ýylyň birinji çärýeginde 50,5 milliard dollar bolupdyr. Bu görkeziji geçen ýyl 58,5 milliard diýlip hasaba alnan eken. Firmanyň satuwynyň pese gaçandygyna garamazdan, ol peýda gazanmagyny dowam etdirýär. Kompaniýa geçen ýylyň birinji çärýeginde 13,6 milliard dollar, bu ýyl 10,5 milliard dollar girdeji gazanypdyr. Şu ýylyň ilkinji üç aýynda jemi 51 million “iPhone” satylypdyr. Bu görkeziji geçen ýyl 61,2 million bolan eken. Kompaniýa martda satuwa çykaran täze “iPhone SE” enjamy arkaly satuwyny ýokarlandyrmak isleýär. Şeýle hem bu kompaniýalar elektron töleg ýaly beýleki pudaklarda hem hyzmatdaşlyk edip, öz girdejilerini artdyrmagyň aladasyny edýärler. Soňky ýyllarda tehnologiýa şereketleriniň girdejilerinde hyzmatyň paýy ýokarlanýar. “Apple”-iň “iTunes”, “Apple Music”, “iCloud”, “Apple Pay” we beýleki hyzmatlaryndan azalan girdejisi geçen ýyldakydan 20 göterim artyp, 6 milliard dollara ýetipdir.