Hindistanyň hökümeti 2025-nji ýyla çenli ýurduň jemi içerki önüminiň möçberini 5 trillion dollara ýetirmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Dawosdaky Bütindünýä ykdysady forumda çykyş eden Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi habar berdi.
– Hindistana maýa goýmak bilen geljege maýa goýýarsyňyz. Biz ýaş we çalt depginlerde ösýän jemgyýet. Biziň ykdysadyýetimiziň binýady bilimden ybarat. Hindistanda köp sanly tehniki hünärmenler işleýär, ylmy-barlag institutlary hereket edýär. 2025-nji ýylda jemi içerki önümimizi 5 trillion dollara çykarmak üçin tagalla edýäris – diýip, Narendra Modi gürrüň berdi.
Ýurduň Premýer-ministri öz çykyşyny käbir tassyklanan maglumatlar bilen baýlaşdyrdy. Onuň aýtmagyna görä, Halkara Pul Gaznasynyň çaklamalary esasynda 2014-nji ýyldan bäri Hindistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 7 göterimde saklanyp gelýär. 1997-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, ösüş depgini 6 esse ýokarlandy. Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin ýeňillikler döredilýär.