Şu hep­dä­niň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Bal­kan we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. Mil­li Li­de­ri­miz iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di, di­ku­çar­da de­ňiz şy­pa­ha­na­sy­nyň çäk­le­rin­de uçu­şy ama­la aşy­ryp, “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­ny aba­dan­laş­dyr­mak we onuň dü­zü­mi­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň bar­şy bi­len ta­nyş­dy, ýur­du­my­za sa­par bi­len ge­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri El­mar Ma­ger­ram og­ly Ma­med­ýa­ro­wy, şeý­le hem “Ça­lyk Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Ah­met Ça­ly­gy ka­bul et­di.
Mil­li Li­de­ri­miz sa­pa­ry­nyň jem­leý­ji gü­nün­de Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň bir­nä­çe orun­ba­sar­la­ry­nyň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, kä­bir pu­dak­la­ýyn dü­züm­le­riň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi­niň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Bal­kan we­la­ýa­ty­na bo­lan iş sa­pa­ryň ne­ti­je­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­re ga­ral­dy. Şol we­zi­pe­le­riň çö­zül­me­gi umu­my­mil­li äh­mi­ýet­li iri möç­ber­li tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýan ýur­du­my­zyň gün­ba­tar se­bi­ti­ni mun­dan beý­läk-de dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş sa­pa­ry­nyň ne­ti­je­le­ri­ni jem­läp, ýur­du­my­zy yk­dy­sa­dy, se­na­gat, teh­no­lo­gi­k we in­tel­lek­tu­al taý­dan dur­nuk­ly ös­dür­mek ba­bat­da öň­de goý­lan mak­sat­la­ra ýet­mek üçin mak­sat­na­ma­la­ýyn esas­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer Bal­kan we­la­ýa­tyn­da Türk­me­nis­tan bi­len Azer­baý­ja­nyň we­ki­li­ýet­le­ri­niň de­re­je­sin­de ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, du­şu­şy­gyň gün ter­ti­bi­ne yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mö­hüm pu­dak­la­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry gi­ri­zil­di. Te­bi­gy se­riş­de­ler, ener­ge­ti­ka we ulag-ara­gat­na­şyk pu­dak­la­ry bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­ýän uly müm­kin­çi­lik­ler bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Azer­baý­ja­nyň Türk­me­nis­tan üçin mö­hüm hyz­mat­daş bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­läp, ýo­ka­ry de­re­je­de ga­za­ny­lan iki­ta­rap­la­ýyn yla­la­şyk­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ug­run­da de­giş­li dü­züm­le­riň saz­la­şyk­ly işi­ni ýo­la goý­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy. Ha­zar deň­zi dost­luk we hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk deň­zi­ne öw­rül­me­li­dir, onuň gi­ňiş­li­gin­de pa­ra­hat­çy­ly­ga hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­na gö­nük­di­ri­len giň möç­ber­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ma­ly­dyr di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.
Iş mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry D.Aman­gel­di­ýew hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de bol­şy ýa­ly, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň çäk­le­rin­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li gur­lu­şyk iş­le­ri, ýol-ulag dü­zü­mi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler we bu ug­ra de­giş­li iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan mak­sat­na­ma ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz dür­li mak­sat­ly bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň he­re­ket ed­ýän ül­ňü­le­re la­ýyk de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ma­ly­dy­gy­ny hem-de des­ga­la­ry ulan­ma­ga ber­me­giň möh­let­le­ri­niň ber­jaý edil­me­li­di­gi­ni bel­läp, bu iş­le­ri bel­le­ni­len ka­da­la­ra la­ýyk ge­tir­me­gi hem-de onuň dep­gin­le­ri­ni güýç­len­dir­me­gi tab­şyr­dy.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ba­ba­ýew ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri ös­dür­mek, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň da­şa­ry ýurt­la­ra ug­ra­dyl­ýan möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, şeý­le hem bu ul­ga­ma döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni iş­jeň or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ha­sa­ba­tyň çäk­le­rin­de hu­su­san-da, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da gu­rul­ýan ne­bit­gaz top­lu­myn­da­ky, hä­zir­ki za­man ne­bit­gaz se­na­ga­ty­na de­giş­li des­ga­lar­da­ky iş­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň äh­li dü­züm­le­ri­niň saz­la­şyk­ly işi­ni üp­jün et­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­de bar bo­lan ne­bit­-gaz gor­la­ry­ny yl­my esas­da öw­ren­mek, çy­kar­mak, se­na­gat taý­dan gaý­ta­dan iş­le­mek hem-de ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň dün­ýä ba­zar­la­ry­na ug­ra­dyl­ýan möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­nyl­ma­ly­dy­gy­ny tab­şyr­dy.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.An­na­me­re­dow ýur­du­my­zyň ulag we ara­gat­na­şyk kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyr­mak, bu ugur­lar­da bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dün­ýä ýurt­la­ry bi­len bol­şy ýa­ly, goň­şy döw­let­ler bi­len ulag we ara­gat­na­şyk bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­niň Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň tä­ze en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len hem-de döw­re­bap müm­kin­çi­lik­le­ri bo­lan de­ňiz men­zi­li­niň hal­ka­ra äh­mi­ýet­li üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­si we lo­gis­ti­ka mer­ke­zi hök­mün­de yk­rar edil­ýän­di­gi­ni bel­läp, bu iş­le­ri yzy­gi­der­li do­wam et­me­gi tab­şyr­dy.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry G.My­ra­dow ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek, se­bit­le­riň se­na­gat dü­zü­mi­ni kä­mil­leş­dir­mek we bu ug­ra de­giş­li hö­wes­len­di­riş çä­re­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem ha­sa­ba­tyň çäk­le­rin­de Bal­kan we­la­ýa­tyn­da tä­ze önüm­çi­lik we dur­muş des­ga­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň ugur­la­ry ba­ra­da ha­bar be­ril­di.
Iş mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da Içe­ri iş­ler mi­nist­ri I.Mu­li­kow “Amul-Ha­zar-2018” aw­to­ral­li­sini de­giş­li de­re­je­de gu­ra­mak, onuň geç­jek ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan taý­ýar­lyk iş­le­ri hem-de bu hal­ka­ra äh­mi­ýet­li çä­rä­niň mak­sat­na­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan “Amul-Ha­zar-2018” aw­to­ral­li­siniň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi, onuň geç­jek ug­run­da de­giş­li dü­züm­le­riň dö­re­dil­me­gi we ola­ryň saz­la­şyk­ly işi­niň üp­jün edil­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re hem­me­ta­rap­la­ýyn esas­da çe­me­le­şil­me­li­di­gi­ni tab­şyr­dy.
Soň­ra “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy D.Sa­bu­row gul­lu­gyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, bu ugur­da ýo­la go­ýul­ýan hyz­mat­la­ryň de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, gul­lu­gyň äh­li dü­züm­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem ol döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ga­ra­bo­gaz şä­he­rin­de uçuş-go­nuş zo­la­gy­ny gur­mak bo­ýun­ça tas­la­ma iş­le­ri­niň ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny ha­bar ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň ho­wa men­zil­le­rin­de ýo­la go­ýul­ýan hyz­mat­la­ryň ýo­ka­ry hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni bel­le­di.
Şeý­le hem iş mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi S.Sat­ly­ko­wyň ha­sa­ba­ty diň­le­nil­di. Hä­kim hä­zir­ki dö­wür­de we­la­ýat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. We­la­ýa­tyň dur­muş dü­zü­mi­ni ös­dür­mek ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar ha­sa­ba­tyň öze­ni­ni düz­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz tu­tuş ýur­du­myz­da bol­şy ýa­ly, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da äh­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da önüm­çi­lik dü­züm­le­ri­ni ös­dür­mek, ila­tyň dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň döw­rüň mö­hüm ta­la­by bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Bal­kan we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ryň ne­ti­je­le­ri­ne ba­gyş­la­ny­lan iş mas­la­ha­ty­ny ta­mam­lap, oňa gat­na­şan­la­ra ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mä­ge, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, Wa­ta­ny­my­zyň kuw­wa­ty­ny ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len jo­gap­kär­li we­zi­pe­ler­de üs­tün­lik ar­zuw et­di.