2018-nji ýy­lyň 1-nji few­ra­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de 2017-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň esa­sy ne­ti­je­le­ri, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2017-2023-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çä­gin­de ge­çen ýyl bo­ýun­ça DIM-niň işi­niň ne­ti­je­le­ri, şeý­le hem 2018-nji ýyl üçin me­ýil­leş­di­ril­ýän çä­re­ler bi­len ta­nyş­dyr­mak bo­ýun­ça bri­fing ge­çi­ril­di. Bri­fin­giň işi­ne il­çi­ha­na­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň iş­gär­le­ri, Türk­me­nis­tan­da akk­re­di­tir­le­nen köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Oňa gat­na­şy­jy­la­ra ge­çen ýyl­da ge­çi­ri­len uly äh­mi­ýet­li çä­re­ler ba­ra­da mag­lu­mat be­ril­di. Ber­len mag­lu­mat bo­ýun­ça, umu­man 2017-nji ýy­lyň do­wa­myn­da Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň üs­ti bi­len je­mi 584 sa­ny dür­li de­re­je­dä­ki we­ki­li­ýet ýur­du­my­za sa­par bi­len gel­di. Bu dö­wür­de Türk­me­nis­tan­dan da­şa­ry ýurt­la­ra 624 sa­ny we­ki­li­ýet git­di. Şeý­le hem, Türk­me­nis­tan­da we da­şa­ry ýurt­lar­da 235 sa­ny dür­li de­re­je­li mas­la­hat­lar, du­şu­şyk­lar we beý­le­ki çä­re­ler gu­ral­dy. Döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň hu­kuk bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len, je­mi 226 sa­ny hal­ka­ra res­mi­na­ma­sy taý­ýar­la­nyl­dy we ola­ra gol çe­kil­di. Mun­dan baş­ga-da, Türk­me­nis­tan 6 sa­ny hal­ka­ra Kon­wen­si­ýa­la­ry­na go­şul­dy. Hä­zir­ki wagt­da döw­le­ti­miz 145 sa­ny hal­ka­ra Kon­wen­si­ýa­sy­na gat­naş­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň we beý­le­ki döw­let­le­riň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da sy­ýa­sy mas­la­hat­laş­ma­la­ry ge­çir­mek bo­ýun­ça iş­ler hem al­nyp ba­ryl­ýar. Ha­sa­bat döw­rün­de bu ugur­da 47 sa­ny du­şu­şyk gu­ral­dy. 2017-nji ýyl­da yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­ta­ra to­par­la­ry­nyň 18 sa­ny, işe­wür­ler mas­la­ha­ty­nyň 14 sa­ny mej­li­si ge­çi­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň 145 döw­le­ti bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­dy. Ýur­du­my­zyň da­şa­ry ýurt­lar­da 38 sa­ny dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry we kon­sul­lyk eda­ra­la­ry iş­le­ýär. Türk­me­nis­tan­da bol­sa, da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri­niň 35 sa­ny dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry we kon­sul­lyk eda­ra­la­ry iş­le­ýär­ler. Şeý­le hem ýur­du­myz­da 15 sa­ny hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň we­kil­ha­na­la­ry ýer­leş­ýär.
Bri­fin­ge gat­na­şy­jy­la­ra 2018-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de me­ýil­leş­di­ril­ýän umu­my döw­let äh­mi­ýet­li çä­re­ler ba­bat­da mag­lu­mat be­ril­di.