Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän ýöriteleşdirilen gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň innowasiýa ösüş ýolunda gazanan ägirt uly sepgitlerini we mümkinçiliklerini, şeýle hem daşary ýurtly enjamlary öndürijileriň öňdebaryjy tejribelerini we işläp taýýarlamalaryny görkezýär. Olar türkmen hyzmatdaşlary bilen uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýärler.
Şu gezekki sergi ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň we daşary ýurtly gatnaşyjylaryň uly mümkinçiliklerini açyp görkezdi. Sergä Germaniýadan, Fransiýadan, Italiýadan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýran Yslam Respublikasyndan, Türkiýeden, Russiýadan, Bolgariýadan, Özbegistandan, Azerbaýjandan we beýleki ýurtlardan elliden gowrak kompaniýalaryň wekilleri işewürlik teklipleri bilen geldiler.
Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda guralan gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň işewürliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda ýurdumyzyň halk hojalygyny toplumlaýyn senagatlaşdyrmak strategiýasyny, bu ugurda gazanylan üstünlikler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň aýdyň mysaly bolmak bilen, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlanmagyny nazarlaýan durmuş syýasatynyň wezipelerine we maksatlaryna hem laýyk gelýär diýip nygtady.
Bu sergi milli ykdysadyýetiň ösüşiniň ähli ugurlaryny diýen ýaly – ýangyç-energetika toplumyny we ulag, aragatnaşyk hem-de gurluşyk ulgamlaryny, okgunly ösýän gaýtadan işleýän senagaty, himiýa we dokma, gaz we nebit-himiýa pudaklaryny, gurluşyk serişdeleri önümçiligini we azyk önümlerini, söwdany öz içine alýar. Sergä köpsanly gatnaşyjylaryň – ýurdumyzyň döwlet we telekeçi düzümleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň diwarlyklary hem-de bölümleri bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygyň üstünliklerini we netijelerini aýdyň açyp görkezdi.