31-nji ýanwarda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we “Çalyk Holding A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.
Bu duşuşyk hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Energetika ministrligi tarapyndan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolta deň bolan elektrik geçirijiler ulgamyny çekmekde özara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak maksady bilen geçirildi.
Nygtalyşy ýaly, bilelikde işlenilip taýýarlanylan maksatnama netijeli gatnaşyklaryň ygtybarly binýady bolup hyzmat eder, ol “Çalyk Holding A.Ş.” türk kompaniýasy bilen energetika pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça anyk teklipleri özünde jemleýär.
TOPH gaz geçirijiniň ugrundaky ähli desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmekden başga-da bu taslama elektrik energiýasyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge mümkinçilik berer we şol döwletleriň hökümetleri bu taslamanyň tizden-tiz durmuşa geçirilmegine örän uly gyzyklanma bildirýändiklerini birnäçe gezek beýan etdiler.
Bu ulgamda amala aşyrylýan iri möçberli işleriň ýurdumyzy özüniň elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmäge hem-de ony goňşy ýurtlara – Owganystan Yslam Respublikasyna we Eýran Yslam Respublikasyna ibermäge mümkinçilik berýändigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Owganystana eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen howa elektrik geçiriji ulgamy hem-de güýjenmesi 500 kilowolt bolan kiçi stansiýa guruldy.