Gartaşan adamlar günde 4 müň ädim ýöremeli. Alymlar ýöremegiň beýni öýjüklerine oňaýly täsir edip, neýrodegeneratiw keselleriniň güýjemegini pese düşürýändigini belleýärler. Barlaga gatnaşýan 60 ýaşdan ýokary bolan meýletinçiler günde 4 müň ädim ýöräpdirler. Barlag geçirijiler gatnaşyjylaryň beýnisiniň ýagdaýyna baha berdiler. Netijede, ömrüniň dowamynda köp ýöränleriň beýnisiniň käbir gurluşlarynyň galyňdygyny ýüze çykardylar. Olaryň ýady we pikirleniş ukyby has ýokary eken. Mundan başga-da bu meýletinçiler maglumatlary gowy özleşdirip, maksatnamalary düzüpdirler. Hünärmenler işjeň durmuş ýörelgesine has irräkden başlamagyň zerurdygyny belleýärler. Fiziki maşklar gartaşan adamlaryň süňki, ýüregi we beýnisi üçin peýdalydyr. Bilermenler artritden ejir çekýänlere fiziki işjeňligiň başga görnüşlerini saýlamagy, mysal üçin, ýüzmegi teklip edýärler.