Ýewropa Bileleşigi ýurtlary el telefonlary bilen amala aşyrylýan gepleşikleriň, gysga hatlaryň (SMS), internet hyzmatlarynyň beýleki ýurda gidilende, alynýan tölegini aradan aýyrdy. Roaming diýilýän bu hyzmat abunaçynyň başga bir ýurda gideninde, şol belgisini ulanmagyna mümkinçilik berýär. 30-njy aprelden başlap, bu hyzmat üçin alynýan goşmaça tölegler tapgyrlaýyn görnüşde aýrylyp ugrady. Indiki ýylyň 15-nji iýunyndan başlap bu töleg dolulygyna ýatyrylar. Oňa çenli agza ýurtlaryň raýatlary beýleki islendik agza ýurtda roaming üçin häzirkiden 75 göterim arzan tölärler. Täze nyrha görä, abonent salgydyndan daşgary 1 minutlyk gepleşik 5 sent, 1 sms 2 sent we 1 megabaýt internet 5 sent diýlip kesgitlendi. Bu düzgün mundan ozal, Ýewroparlamentde ara alnyp maslahatlaşylypdy we kanun teklibi taýýarlanypdy. Ýewrokomissiýanyň başlygynyň orunbasary Andrus Ansip täze kanunyň diňe nyrhlary kesgitleýän düzgün däldigini, şol birwagtyň özünde Ýewropa Bileleşiginiň ýeke-täk sanlaýyn bazary döretmekdäki päsgelçilikleriň aradan aýrylmagy bilen hem baglydygyny belledi. Sanlaýyn ýeke-täk bazar ýörelgesi Ýewropada elektron hyzmatlaryň we harytlaryň söwdasyny ösdürmegi, bu ugurdaky bäsdeşlik şertlerini ýokarlandyrmagy we ykdysadyýetiň bu ugrunyň ösdürilmegini maksat edinýär.