Türk­me­nis­ta­nyň ku­bo­gy­nyň eýe­si hem-de wi­se-çem­pio­ny “Ahal” to­pa­ry AFK ku­bo­gy ýa­ry­şy­nyň des­lap­ky tap­gy­ry­ny üs­tün­lik ta­mam­lap, pleý-off­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy. “Ahal” Bal­ka­na­bat şä­he­rin­de ge­çir­len jo­gap oý­nun­da “Dor­doý” bi­len 2–2 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy.
Ka­tar­ly Ha­mis Al-Ku­wa­ri­niň emin­lik eden oý­nun­da il­kin­ji bo­lup ha­sa­by il­deş­le­ri­miz aç­dy. 39-njy mi­nut­da emi­niň bel­län pe­nal­ti­si­ni dürs ýe­ri­ne ýe­ti­ren Di­dar Ha­jy­ýew “Aha­ly” 1–0 öňe çy­kar­dy. 2-nji ýa­ry­myň il­kin­ji mi­nut­la­ryn­da er­jel­lik myh­man­la­ryň ta­ra­pyn­da bol­dy. Oý­nuň 58-nji hem-de 69-njy mi­nut­la­ryn­da go­laý­da “Dor­do­ýyň” dü­zü­mi­ne go­şu­lan türk­me­nis­tan­ly hü­jüm­çi Amir Gur­ba­ni 2 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. Şon­dan soň, myh­man­lar öz­le­ri­ne ge­rek ha­sap üçin has-da umyt­lan­dy­lar. Ýö­ne oý­nuň 88-nji mi­nu­tyn­da 1-nji du­şu­şyk­da-da ta­pa­wut­la­nan Sü­leý­man Mu­ha­dow ha­sa­by deň­le­ýän pök­gi­ni der­we­zä gi­riz­di. Şeý­le­lik­de, 2 oý­nuň ne­ti­je­si bo­ýun­ça 5–3 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan “Ahal” no­bat­da­ky tap­gyr­da çy­kyş et­mä­ge yg­ty­ýar al­dy. “Ahal” to­pa­ry­nyň in­di­ki gar­şy­da­şy Tä­ji­gis­ta­nyň “Hu­jand” to­pa­ry bo­lar. Il­kin­ji du­şu­şyk 13-nji few­ral­da Bal­ka­na­bat şä­he­rin­dä­ki “Sport top­lu­my” sta­dio­nyn­da oý­na­lar. Jo­gap du­şu­şy­gy bol­sa, bir hep­de soň, has ta­ky­gy, 20-nji few­ral­da Tä­ji­gis­ta­nyň Hu­jand şä­he­rin­dä­ki “Ga­raş­syz­ly­gyň 20ýyl­ly­gy” sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­ler. Türk­men to­pa­ry­na to­par­ça­la­ra çyk­mak üçin ýol­lan­ma ber­ýän bu du­şu­şyk­lar­da uly üs­tün­lik­ler ar­zuw ed­ýä­ris.