Ten­nis bo­ýun­ça möw­sü­miň il­kin­ji “Uly tu­wul­ga” ýa­ry­şy “Awst­ra­li­ýa Açyk­da” er­kek­le­riň ara­syn­da “Onuň, Aly­hez­ret­le­ri” la­kam­ly Ro­jer Fe­de­rer, ze­nan­lar­dan bolsa, daniýaly Ka­ro­li­na Woz­ni­as­ki ýe­ňiş ga­zan­dy.
Şweý­sa­ri­ýa­ly Fe­de­rer fi­nal­da hor­wa­ti­ýa­ly Ma­rin Çi­liç bi­len güýç sy­na­nyş­dy. 36 ýaş­ly Fe­de­rer 1-nji set­de 6:2 öňe saý­lan­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen 2-nji set taý-brek­den soň (7:6), Çi­li­çiň peý­da­sy­na ta­mam­lan­dy. 3-nji set­de ýe­ňiş Fe­de­re­riň ta­ra­pyn­da bol­dy – 6:3. Şeý­le ha­sap bi­len gu­ta­ran 4-nji set­den soň, Çi­liç umu­my ha­sa­by deň­le­di (6:3). 3 sa­gat 7 mi­nut­lap do­wam eden fi­na­lyň 5-nji se­tin­de 6:1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Fe­de­rer “Uly tu­wul­galar” özü­niň taý­syz­dy­gy­ny ýe­ne bir ýo­la gör­kez­di. Diý­seň çe­ke­le­şik­li hä­si­ýe­te eýe bo­lan bu fi­nal­da 3:2 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Ro­jer Fe­de­rer 20-nji “Uly tu­wul­ga” ku­bo­gy­ny ga­za­nyp, özü­niň re­kor­dy­ny has hem ar­tyr­dy. Bu onuň “Awst­ra­li­ýa Açyk­da­ky” 7-nji fi­na­ly, 6-njy çem­pi­on­ly­gy­dyr (2004, 2006, 2007, 2010, 2017, 2018). Ol bu ugur­da “Awst­ra­li­ýa Açyk­da” 6 çem­pi­on­lyk ga­za­nan Roý Emer­son hem-de No­wak Jo­ko­wiç bi­len deň­leş­di. Ga­ly­ber­se-de, ro­wa­ýa­ty ten­nis­çi kar­ýe­ra­syn­da­ky 96-njy ATP çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Şe­ý­lelik­de, Fe­de­rer 1968-nji ýyl­dan bä­ri, ýag­ny “Açyk” dö­wür­den bu­ýa­ňa oý­na­lan “Uly tu­wul­ga” bäs­le­şik­le­ri­niň 10 gö­te­ri­mi­niň çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, şu ýylky “Awst­ra­li­ýa Açyk­” bäsleşigi “Açyk” dö­wür­de (50 ýyldan bäri) ge­çi­ri­len 200-nji “Uly tu­wul­ga” ýa­ryşy bo­lup, şo­la­ryň 30-syn­da fi­na­la çy­kan Fe­de­rer 20-sin­de-de çem­pi­on di­ýen ady eýe­le­di. Bu bäs­le­şik­den soň, ATP-niň sa­na­wyn­da 16 “Uly tu­wul­ga­nyň” eýe­si Ra­fa­el Na­dal or­nu­ny sak­la­ma­gy ba­şar­dy. 9605 utuk top­lan Fe­de­rer 155 utuk ara­ta­pa­wu­dy bi­len 2-nji ha­tar­da bar­ýar.

IL­KIN­JI ÝEŇ­ŞI
Ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky fi­nal­da WTA-nyň sa­na­wyn­da 1–2-nji ha­tar­da bar­ýan ru­my­ni­ýa­ly Si­mo­na Ha­lep bi­len da­ni­ýa­ly Ka­ro­li­na Woz­ni­as­ki du­şuş­dy. Iki ten­nis­çi-de 3-nji ýo­la “Uly tu­wul­ga­lar­da” fi­nal­da oý­nap, ola­ryň iki­si-de il­kin­ji ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­mek üçin meý­dan­ça çyk­dy. 2 sa­gat 50 mi­nut­lap do­wam eden du­şu­şyk örän çe­ke­le­şik­li bo­lup, Ýew­ro­pa­nyň has Gün­ba­tar ta­ra­pyn­da ýa­şa­ýan ten­nis­çi ýe­ňiş ga­zan­dy. 27 ýa­şyn­da­ky Woz­ni­as­ki 1-nji set­de 7:6 ýe­ňiş ga­zan­sa, ol 2-nji set­de 6:3 as­gyn gel­di. Jem­leý­ji set­de bol­sa, 6:4 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram eden Woz­ni­as­ki il­kin­ji “Uly tu­wul­ga”, umu­my­lyk­da WTA-nyň ýa­ryş­la­ryn­da­ky 28-nji ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. Mun­dan öň di­ňe “Ame­ri­ka Açyk­da” 2 ge­zek fi­na­la çy­kan Woz­ni­as­ki bu bäs­le­şik­den soň, WTA-nyň sa­na­wyn­da 1-nji bas­gan­ça­ga beý­gel­di. Utu­gy­ny 7615-e ýe­ti­ren Woz­ni­as­ki 2012-nji ýyl­da-da sa­naw­da çür de­pä çy­kyp­dy. Hem çem­pi­on­ly­gy, hem-de bi­rin­ji­li­gi al­dy­ran Ha­lep bol­sa, 3-nji ge­zek­ki “Uly tu­wul­ga” fi­na­lyn­da­nam eli boş gaýt­dy.